Taýlandyň özboluşly «ýüzýän» bazarlary
Amul Info ·

aýlandyň «ýüzýän» bazarlary özboluşly söwda däpleri we täsin görnüşi bilen syýahatçylary özüne çekýär. Bu bazarlarda satyjylar miweleri, gök önümleri we dürli harytlary gaýyklarda hödürleýärler. Şolaryň arasynda meşhur Amphawa bazary aýratyn tapawutlanýar. «Ýüzýän» bazarlar Aziýa ýurtlarynyň…
Dünýäniň käbir ýurtlarynda tebigy-geografik şertlere we syýahatçylaryň isleglerine laýyklykda özboluşly söwda merkezleri döredilipdir. Şolaryň biri hem Aziýa ýurtlarynda giňden ýaýran «ýüzýän» bazarlardyr. Bu bazarlar adaty söwda nokatlaryndan tapawutlylykda, derýalaryň we suw ýollarynyň üstünde gaýyklaryň kömegi bilen hereket edýär.
«Ýüzýän» bazarlarda her bir satyjynyň öz gaýygy bolup, ol azyk önümleri, miweler, gök önümler ýa-da dürli senetçilik harytlary bilen doldurylýar. Satyjylar derýanyň suw akymynyň haýal bolan ýerlerinde jemlenip, alyjylara harytlaryny hödürleýärler. Suwuň derejesiniň we akymynyň üýtgemegi bilen gaýyklaryň ýerleşýän ýerleri hem üýtgeýär. Şonuň üçin bu söwda merkezlerine «ýüzýän bazarlar» diýilýär.
Häzirki wagtda şeýle bazarlara Taýlandda, Indoneziýada, Wýetnamda, Hindistanda we Şri-Lankada duş gelmek bolýar. Olar diňe bir ýerli ilat üçin söwda mekany bolman, eýsem, daşary ýurtly syýahatçylaryň hem uly gyzyklanmasyny döredýär.
Şol bazarlaryň arasynda Taýlandyň «Amphawa» ýüzýän bazary aýratyn meşhurlyga eýedir. Ol özboluşly söwda gurşawy, gaýyklarda hödürlenýän dürli harytlary we gündelik durmuşyň täsin görnüşleri bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.
«Ýüzýän» bazarlar Aziýa ýurtlarynyň medeni aýratynlyklaryny, däp-dessurlaryny we söwda gatnaşyklaryny özünde jemleýän özboluşly syýahatçylyk künjekleri hökmünde tanalýar.