Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşigi we sergi geçiriler
Turkmenistan RSS Feed ·
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 25-nji noýabrda «STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşiginiň geçiriljekdigini we onuň çäklerinde tematiki serginiň guraljakdygyny yglan etdi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 25-nji noýabrda «STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşiginiň geçiriljekdigini we onuň çäklerinde tematiki serginiň guraljakdygyny yglan etdi.
Çärelere Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşmaga çagyrylýar. Her bir okuw mekdebinden bäş talypdan köp bolmadyk bir topar gatnaşyp biler. Toparlar bäsleşigiň üç ugrunyň biri – «STEM», «STEAM» ýa-da «STREAM» boýunça çykyş ederler.
Intellektual bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnyş 15-nji noýabra çenli dowam eder. Gatnaşmak isleýän okuw mekdepleri talyplar baradaky maglumatlary bellenen nusga laýyklykda taýýarlap, guramaçylyk toparynyň tdbgistem2026@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermelidirler.
Hasaba alnyş anketasynyň nusgasy we bäsleşik barada goşmaça maglumatlar institutyň web sahypasynda ýerleşdirilendir.
Bäsleşigiň maksady bilimiň hilini ýokarlandyrmakdan, «STEM», «STEAM» we «STREAM» usulyýetlerini okuw işine has giňden ornaşdyrmakdan hem-de bu ugurda okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem bäsleşik zehinli talyplary ýüze çykarmaga, okuwçylarda esasy hünär başarnyklaryny, tehnologik sowatlylygy, tankydy pikirlenmek ukybyny we häzirki zaman tehnologiýalary bilen işleşmek başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.