«Görogly» poemasy özbek dilinde neşir edildi
Amul Info ·

Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna baryp, kitaphana «Görogly» poemasynyň özbek dilindäki neşirini sowgat berdi. Saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda kitap alyş-çalşygyny ýola goýmak, edebi eserleri terjime etmek we…
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna gelen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimow kitaphananyň işi we onuň gazna toplumy bilen tanyşdy.
Saparyň dowamynda ilçi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özbek diline terjime edilen eserleriniň sergisine syn etdi. Şeýle hem ol kitaphananyň «Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar» bölüminde ýerleşdirilen terjime eserleri, «Seýrek neşirler» bölümindäki gadymy kitaplar we ilkinji neşir önümleri bilen tanyşdy.
Duşuşykda Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy bilen Özbegistanda gurulýan täze şäherde 2027-nji ýylda açylmagy meýilleşdirilýän kitaphana bilen özara kitap alyş-çalşygyny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, özbek dilindäki kitaplary alyşmak boýunça pikir alşyldy.
Rawşanbek Alimow söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň ýakynda özbek dilinde tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilendigini habar berdi. Şeýle hem ol kitaby ýakyn günlerde Döwlet kitaphanasyna sowgat bermegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
Saparyň dowamynda Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna «Görogly» poemasynyň özbek diline terjime edilen neşirini sowgat berdi. Bu sowgat iki ýurduň arasyndaky medeni we edebi gatnaşyklary ösdürmekde, halklaryň edebi mirasyny giňden tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.