Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygynyň 2026-njy ýylyň 24-nji awgustynda çykaran 280-iş belgili buýrugy
TÜRKMENISTANYŇ ADALAT MINISTRLIGI ·
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Başlygynyň 2026-njy ýylyň 24-nji awgustynda çykaran 280-iş belgili buýrugy Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilerine ýeňillikli karzlary bermegiň Tertibini tassyklamak hakynda “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 11-nji maýynda çykaran 1822-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn: 1. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilerine ýeňillikli karzlary bermegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar). 2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2018-nji ýylyň 27-nji dekabrynda 1181 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilerine ýeňillikli karzlary bermegiň Tertibini tassyklamak barada” Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran 418-iş belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli. 3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasarlarynyň, Karz amallary we Bank gözegçiligi müdirlikleriniň hem-de Hukuk gullugynyň başlyklarynyň üstüne ýüklemeli. Başlyk T. Mälikow Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň 2026-njy ýylyň 24-nji awgustynda çykaran 280-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyldy Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilerine ýeňillikli karzlary bermegiň Tertibi I bap. Umumy düzgünler 1. Şu Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilerine ýeňillikli karzlary bermegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Raýat kodeksine, „Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda“ Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 11-nji maýynda çykaran 1822-nji kararyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. 2. Şu Tertip Türkmenistanyň ygtyýarly karz edaralary (mundan beýläk – ygtyýarly karz edara) tarapyndan öz serişdeleriniň hem-de çekilen serişdeleriniň hasabyna milli we daşary ýurt pulunda, şeýle-de Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan milli pulunda karz ugurlaryny açmagyň hasabyna daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna, ýer bölekleriniň eýelerine, ýerden peýdalanyjylara we ýer kärendeçilerine, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere hem-de döwlete dahylsyz ýuridik şahslara-dahyllylara (mundan beýläk - oba hojalyk önümlerini öndüriji) oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri, transformatorlary satyn almak üçin hem-de maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem, esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýeňillikli karzlary bermegiň tertibini düzgünleşdirýär. 3. Şu Tertipde aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) daýhan birleşigi – oba hojalyk önümçiligini guramak we alyp barmak üçin döredilýän we gatyşyk eýeçilige esaslanýan ýuridik şahsdyr; 2) daýhan hojalygy – oba hojalyk önümçiligini bilelikde alyp barmak üçin bir ýa-da birnäçe maşgalanyň agzalary tarapyndan döredilýän oba hojalyk kärhanasydyr; 3) oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti - oba hojalyk önümlerini öndüriji bolup, paýdarlar jemgyýetine gatnaşyjylaryň paýdarlar jemgyýeti babatdaky hökmanylyk hukuklaryny tassyklaýan, paýnamalaryň belli bir sanyna bölünen, fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslaryň goýumlarynyň esaslyk maýasyna birleşen kärhanasydyr; 4) ýer bölekleriniň eýeleri – “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyklykda mundan beýläk oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin mirasa goýmak hukugy bilen hususy eýeçiligine berlen ýer böleginiň eýeleri; 5) ýerden peýdalanyjy - “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyklykda oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin hemişelik ýa-da wagtlaýyn peýdalanmaga berlen ýer böleginiň eýeleri; 6) ýer kärendeçi - „Daýhan birleşikleri hakynda“ Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda daýhan birleşiginden oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin ýer bölegini hem-de maldarçylyk önümleri öndürmek üçin mallary kärendesine alýan fiziki ýa-da ýuridik şahslar; 7) oba hojalyk ylmy-barlag institutlar – Türkmenistanyň oba hojalygyna degişli ylmy-önümçilik we synag işleri bilen meşgullanýan ylmy-barlag edaralar; (edaralar, kärhanalar we guramalar;) 8) hususy telekeçi – hususy telekeçilige degişli bolan ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs bolup, öz işini Türkmenistanyň Raýat kodeksine, „Telekeçilik işi hakynda“ we „Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda “ Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda hakyna tutmak zähmeti ulanyp ýa-da ulanmazdan amala aşyrýar; 9) Döwlete dahylsyz ýuridik şahslar - dahyllylar – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ýuridik şahslar; 10) ygtyýarly karz edarasy – Türkmenistanda hereket edýän 100% daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda karz edaralaryndan, şol sanda olaryň şahamçalaryndan we wekilhanalaryndan başga, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň karz edaralary; 11) maýa goýum taslamasy – „Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda“ Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri, transformatorlary satyn almak üçin hem-de maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalar. 4. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldamaklygyň esasy maksatlary oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmagyň hasabyna ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmakdan, şol sanda ýerlerden rejeli peýdalanmakdan, ulanylmaýan ýerleri özleşdirmekden we ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmakda, oba ilatynyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmakdan, täze iş orunlaryny döretmek hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileriň girdejilerini artdyrmakdan ybaratdyr. II bap. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere karzlary bermegiň düzgünleri 5. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere karzlar oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri, transformatorlary satyn almak üçin hem-de maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin berilýär. 6. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler şu Tertibiň bäşinji böleginde bellenilen karzlary almak üçin ygtyýarly karz edara şu aşakdaky resminamalary tabşyrýar: 1) karz almak üçin arza; 2) fiziki şahs üçin – hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda resminamanyň nusgasy we onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň nusgasy; 3) ýuridik şahs üçin – esaslandyryş resminamalaryň nusgalary, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi; 4) karzyň hasabyna maliýeleşdiriljek maýa goýum taslamalaryň iş meýilnamasy; 5) karzy ulanmak bilen bagly şertnamalaryň we hasap sypatnamalaryň göçürme nusgalary; 6) Oba hojalyk önümlerini öndürijiniň peýdalanýan ýer gatnaşygyna baglylykda Ýer bölegine eýeçilik hukugyny belleýän Döwlet namasynyň, Ýerden peýdalanmak hukugyny belleýän Döwlet namasynyň, Ýere kärende hukugyny belleýän Şahadatnamanyň göçürme nusgalary; 7) daýhan birleşikleri, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri we oba hojalyk ylmy-barlag institutlary soňky üç ýyl boýunça ýyllyk maliýe hasabatlylygyny we işleriň ähli görnüşlerinden alýan girdejileri barada maglumatlary; 8) daýhan hojalyklaryň, ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçileriň we döwlete dahylsyz ýuridik şahslaryň-dahyllylaryň soňky iki ýylyň girdejileri barada tassyklanan maglumatlary. 7. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere karz bermegiň mümkinçiligi hakynda meselä garalan wagty ygtyýarly karz edara onuň karzy üzmek ukybyny, iş meýilnamasyny hem-de karz taryhyny öwrenýär. Oba hojalyk önümçiligi bilen täzeden meşgullanmaga başlaýan daýhan hojalyklaryna, ýer bölekleriniň eýelerine, ýerden peýdalanyjylaryna we ýer kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz ýuridik şahslara - dahyllylara karzlaryň berilmeginiň mümkinçiligi, olaryň maýa goýum taslamalarynda göz öňünde tutulan oba hojalyk önümçiliginden alynmaly girdejileriň seljerilmegi esasynda kesgitlenilýär. Eger-de, taslamany karz serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmek üçin ýer bölekleriniň eýelerine, ýerden peýdalanyjylaryna, ýer kärendeçilere, hususy telekeçileriň we döwlete dahylsyz ýuridik şahslaryň - dahyllylaryň karza ukyplylygy pes bolan ýagdaýynda karzyň üpjünçiligi hökmünde karza we tölege ukyby bolan başga ýuridik şahsyň we/ýa-da hususy telekeçiniň zamunlygy kabul edilip bilner. 8. Daýhan birleşikleriniň, oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynyň, daýhan hojalygynyň we oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň karza ukyplylygy, olaryň hasaplaşyk hasaplaryna ýer kärendeçiler we beýleki ýerden peýdalanyjylar tarapyndan geçirilen pul geçirmeleriniň hem-de işleriniň ähli görnüşlerinden alýan girdejilerindäki serişdeleriniň ortaça 3 ýyl boýunça göwrüminden hem-de maliýe görkezijilerinden ugur alnyp kesgitlenilýär. Eger-de taslamany karz serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiginiň, oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynyň, daýhan hojalygynyň we oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň karza ukyplylygy pes bolan ýagdaýynda, karzyň üpjünçiligi hökmünde karza we tölege ukyby bolan başga ýuridik şahsyň we/ýa-da hususy telekeçiniň zamunlygy kabul edilip bilner. 9. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli karzlary bermegiň möhletleri we göterimleri şu aşakdaky tertipde kesgitlenilýär: 1) oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri, transformatorlary satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertinde; 2) maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete. 10. Karzlar şu Tertibiň dokuzynjy böleginde görkezilen maksatlar üçin oba hojalyk önümlerini öndürijileriň taslama boýunça 15 göterimden az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen karzlaşdyrylýar. Şeýle hem, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maýa goýum taslamalary olaryň alyp barýan önümçilik işlerine laýyklykda karz ugruny açmak bilen tapgyrlaýyn karzlaşdyrylyp bilner. 11. Karz serişdeleri şu aşakdaky maksatlar üçin berilip bilinmez: 1) ýitgileriň öwezini dolmak; 2) karzy resmileşdirmek bilen baglanyşykly hyzmatlaryň bahasyny tölemek; 3) önümçilik däl çykdajylaryny (puşmany töleg, jerime we ş.m.) tölemek; 4) temmäki we alkogolly içgileriň önümçiligi; 5) söwda-dellaçylyk kärhanalaryň dolanyşyk serişdelerini döretmek; 6) oba hojalyk önümçiligine dahylly bolmadyk esasy serişdeleri edinmek; 7) Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelýän hasaplaşyklary amala aşyrmak. 12. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere şu Tertibiň dokuzynjy böleginde görkezilen maksatlar üçin berilýän karzlaryň üpjünçiligi aşakdaky tertipde bellenilýär: 1) daýhan birleşikleri şu Tertibiň dokuzynjy böleginiň 2-nji bendine laýyklykda alan karzlarynyň üpjünçiligine işleriniň ähli görnüşlerinden alýan girdejilerindäki serişdeleri bolup durýar; 2) ýeňillikli karzlaryň girewi hökmünde şol karzlaryň hasabyna satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň we abzallarynyň hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlaryň hem-de buldozerleriň, suwy tygşytlaýjy tehnikalaryň, enjamlaryň, transformatoryň bahasynyň 70 göterimine çenli bölegini hem-de galan bölegi üçin bolsa karz alyjylaryň aljak girdejilerini kabul etmeli; 3) oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylary we ýer kärendeçileri, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz ýuridik şahslara - dahyllylara girew, bank kepilligi ýa-da üçünji tarapyň zamunlygy. 13. Şu Tertibiň dokuzynjy böleginiň 2-nji bendinde görkezilýän maksatlar üçin berilýän karzlara oba hojalyk önümçiliginiň ugurlaryna laýyklykda ýeňillikli döwür kesgitlenilip bilner. 14. Ygtyýarly karz edara bilen karz alyjynyň arasyndaky özara gatnaşyklar taraplaryň arasynda baglaşylan karz şertnamasy esasynda düzgünleşdirilýär. 15. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler tarapyndan karz boýunça esasy bergi we/ýa-da oňa hasaplanan göterimler karzy üzmekligiň tertibinde göz öňünde tutulan möhletlerde tölenmedik halatynda, ygtyýarly karz edaranyň karz şertnamasyny bir taraplaýyn ýatyrmak arkaly, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, karzy möhletinden öň yzyna talap etmäge we borçnamany üpjün ediş serişdeleriň hasabyna talabyny kanagatlandyrmaga hukugy bardyr. III bap. Ygtyýarly karz edara tarapyndan oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýüztutmalaryna garamagyň tertibi 16. Ygtyýarly karz edara şu Tertibiň şertlerine laýyklykda, hökmany maksatly niýetlenilişinden ugur alyp, karz almak üçin ýüz tutan oba hojalyk önümlerini öndürijileriň resminamalarynyň bukjasyny seljerýär. Maglumatlary ýygnamaga we barlamaga jogapkär bolan ygtyýarly karz edaranyň düzüm birliginiň (karz ýa-da gaýry ygtyýarly müdirlik, bölüm) işgäri (mundan beýläk – Bölüm) şu Tertibiň altynjy bölegine laýyklykda oba hojalyk önümlerini öndürijiler tarapyndan tabşyrylan resminamalaryň esasynda, onuň tölege ukyplylygyna, karz taryhyna, karzyň üpjünçiligine, yzyna gaýtarylyş talaplaryna seljerme geçirýär. Ygtyýarly karz edaranyň karz topary oba hojalyk önümlerini öndürijileriň resminamalarynyň bukjasyna laýyklykda, hödürlenýän karz resminamalarynyň we maýa goýum taslamalarynyň wajyplygyna, maksadalaýyklygyna, önümçiligiň ýerleşdirilmeginiň netijeliligine, ilatyň iş bilen üpjünçiligine baha berýär. Baha bermegiň netijeleri esasynda karz topary çözgüt kabul edýär. Ygtyýarly karz edaranyň karz bermekligi ýa-da bermezligi baradaky netijeleri mejlis ýazgysy bilen resmileşdirilýär. 17. Oba hojalyk önümlerini öndürijiniň arzasynyň hasaba alnan senesinden başlap 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda, ygtyýarly karz edara tarapyndan karz bermek barada çözgüt kabul edilýär. Eger-de karz bermeklik kanagatlandyrylmadyk ýagdaýynda, onuň sebäpleri ýazmaça görnüşde esaslandyrylýar we oba hojalyk önümlerini öndürijä iberilýär. 18. Ygtyýarly karz edara karzyň berilmegi barada çözgüt kabul edenden soň, bellenilen tertipde karz bermek boýunça ähli zerur amallaryny geçirýär. 19. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler şu Tertibiň dokuzynjy böleginde görkezilen ýeňillikli karzlary boýunça iş meýilnamasynyň dogrulygyna we karzyň alynmagy bilen göz öňünde tutulan maksatlaryň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär. IV bap. Ygtyýarly karz edaranyň ýüztutmasy esasynda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan karz ugurlaryny açmagyň tertibi 20. Türkmenistanyň Merkezi banky ygtyýarly karz edaranyň ýüztutmasy esasynda şu Tertibiň dokuzynjy böleginde göz öňünde tutulan maksatlara ýyllyk 0,5 göterim bilen karz serişdeleri bermek üçin karz şertnamasyny baglaşýar. 21. Karz şertnamasynda taraplaryň borçnamalary, berilýän karzyň umumy möçberi, karzyň maksady, möhleti geçen bergileriň dörän ýagdaýynda göterim derejesiniň ýokarlanmagy, karzy gaýtarmagyň we şol boýunça göterimleri tölemegiň möhleti, taraplaryň salgylary görkezilýär. 22. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan oba hojalyk önümlerini öndürijileri karzlaşdyrmak üçin ygtyýarly karz edara berlen karzyň möçberine, ygtyýarly karz edara tarapyndan karz şertnamasynda görkezilen möhletlerde we möçberde göterimler hasaplanylýar. 23. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň serişdeleri üçin göterimler oba hojalyk önümlerini öndürijilerden göterimleri tutup almagyna garamazdan ygtyýarly karz edara tarapyndan hasaplanylýar we tölenilýär. 24. Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ygtyýarly karz edaranyň arasynda karz ugrunyň hereket ediş möhleti gutarandan soň ygtyýarly karz edara bu karz ugry boýunça müşderi tarapyndan alnan karzlaryň hakyky gaýtarylan möçberine garamazdan, hasaplanyp goşulan göterimleri hasaba almak bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň serişdelerini ygtyýarly karz edara bilen müşderiniň arasyndaky karz şertnama esasynda karzy üzmekligiň tertibine laýyklykda karz şertnamasynyň şertleri esasynda yzyna gaýtarmaga borçludyr. 25. Karz ugrunyň möçberi artdyrylanda we/ýa-da möhleti uzaldylanda Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ygtyýarly karz edaranyň arasynda karz ugrunyň möhletini we täze möçberini görkezmek bilen karz şertnamasyna goşmaça ylalaşyklar baglaşylýar. 26. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Tertibiň şertlerine laýyklykda, beren karz serişdeleriň maksadalaýyk ulanylmadyk ýagdaýy ýüze çykarylan halatynda ol karz ugrunyň degişli böleginiň möhletinden öň yzyna gaýtarylmagyny ygtyýarly karz edaradan talap etmäge hukugy bardyr. V bap. Karz bermegiň tertibi, karzlary peýdalanmagyň hasaby we gözegçiligi 27. Karzy bermeklik ygtyýarly karz edara, şol sanda olaryň şahamçalary tarapyndan amala aşyrylýar. 28. Karzlar, aýratyn karz ugruny we karz hasabyny açmak hem-de bu hasapdan oba hojalyk önümlerini öndürijileriň töleg tabşyryknamalaryny tölemek arkaly nagt däl görnüşde berilýär. 29. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler karz hasaplaryndan Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk halatynda, daşary söwda şertnamalary boýunça Türkmenistanyň dahylsyzlary bilen hasaplaşyklary geçirmek üçin daşary ýurt puluny satyn almaga berilip bilner. 30. Ygtyýarly karz edara karzyň üpjünçiliginiň ýagdaýyna hem-de karzyň netijeli we maksadalaýyk ulanylyşyna ýerinde barlaglar geçirmelidir. Berlen karzlar maksadalaýyk ulanylmadyk halatynda ygtyýarly karz edaranyň karz şertnamasynda bellenilen tertipde niýetlenişine görä peýdalanylmadyk karzyň möçberini oba hojalyk önümlerini öndürijileriň hasaplaşyk ýa-da başga hasabyndan möhletinden öň tutup almaga hukugy bardyr. 31. Üzülişmegiň möhletleri tertip görnüşinde berilmelidir, ol onuň üzülişilmegini pul serişdeleriň gelip gowuşmagynyň meýilleşdirilişine baglylykda birnäçe tapgyrlar bilen göz öňünde tutýar. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler alan karz serişdelerini karz şertnamada göz öňünde tutulan möhletlerde we tertipde gaýtarmaga borçludyr. 32. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň karz we ulanylan karz serişdelerine hasaplanylan göterimler boýunça bergileri üzmekligi hem-de alynan karzy wagtyndan öň gaýtarmaklygy karz şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar. 33. Ygtyýarly karz edara şu Tertibiň şertlerine laýyklykda karzy alan oba hojalyk önümlerini öndürijileriň sanawyny goşmak bilen, karz ugurlaryny peýdalanmagyň ýagdaýy hakynda her aýda Türkmenistanyň Merkezi bankyna hasabat bermäge borçludyrlar. VI bap. Jemleýji düzgünler 34. Şu Tertipde beýan edilmedik düzgünler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda 1968 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy