Gyrgyzystanda prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýän dalaşgärleriň sany ýedä ýetdi

Amul Info ·

Gyrgyzystanda prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýän dalaşgärleriň sany ýedä ýetdi

Gyrgyzystanda 2027-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin arzalaryny tabşyran dalaşgärleriň sany ýedi adama ýetdi. Iň soňky bolup ozalky parlament deputaty Baktybek Kalmamatow hasaba alynmak üçin ýüz tutdy. Prezident saýlawlarynyň 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirilmegi…

Gyrgyzystanda 2027-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin arzalaryny tabşyran dalaşgärleriň sany ýedi adama ýetdi. Iň soňky bolup ozalky parlament deputaty Baktybek Kalmamatow ýurduň Merkezi saýlaw toparyna ýüz tutdy.

Merkezi saýlaw toparynyň wekili Baktybek Kalmamatowyň prezident wezipesine dalaşgärligini hödürlemek baradaky arzasynyň kabul edilendigini habar berdi.

Mundan öň saýlawlara gatnaşmak isleýändiklerini mälim edenleriň arasynda ýurduň häzirki Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýa-Gyrgyzystan ösüş gaznasynyň dolandyryş geňeşiniň ozalky agzasy Aýmen Kasenow, Çuý welaýatynyň etraplarynyň biriniň ozalky ýolbaşçysy Azamat Esenbekow, Gyrgyzystanyň Maliýe polisiýasynyň ozalky başlygy Syýmyk Žapykeýew, telekeçi Akaý Kydyrow hem-de gyrgyz kommunistleriniň lideri Ishak Masaliýew bar.

Gyrgyzystanda prezident saýlawlarynyň 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Dalaşgärleri hödürlemek möhleti 13-nji noýabrda tamamlanar. Ondan soň dalaşgärleri resmi taýdan hasaba almak tapgyry başlanar.

Saýlawlara gatnaşmak üçin dalaşgärler saýlawçylaryň azyndan 30 müňüsiniň goldaw goluny ýygnamaly we 1 million gyrgyz somy möçberinde saýlaw girewini tölemeli. Bu pul häzirki alyş-çalyş hümmeti boýunça takmynan 11,4 müň ABŞ dollaryna deňdir.

Источник: Amul Info