Stambul howa menzilinde Türkmenistanyň raýatlary üçin aýratyn gözegçilik geçelgesi döredilmegi mümkin
Amul Info ·

Stambul halkara howa menzilinde Türkmenistanyň we beýleki türki döwletleriň raýatlary üçin aýratyn pasport gözegçiligi geçelgelerini açmak meselesine garalýar. Howa menzilinde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň baýdaklary ýerleşdirilen…
Stambul şäheriniň halkara howa menzilinde türki döwletleriň raýatlary üçin pasport gözegçiliginden geçmegiň aýratyn geçelgelerini döretmek meselesi bilen bagly täze alamatlar peýda boldy. Howa menzilinde Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň we synçy döwletleriň raýatlaryna niýetlenen ýörite ugur görkeziji ýazgylar ýerleşdirildi.
«Dalanews.kz» neşirine salgylanyp, «TuraNews.kz» saýtynyň habar bermegine görä, bu ýazgylar pasport gözegçiligi nokatlarynda türki döwletleriň raýatlary üçin aýratyn geçelgeleriň açylmagy baradaky meýilnamalar bilen baglanyşykly bolup biler.
Türkiýanyň awiasiýa ulgamyna degişli «HavaSosyalMedya» neşiriniň maglumatyna görä, täze görkeziji ýazgylarda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Wengriýanyň hem-de Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň baýdaklary şekillendirilýär. Neşir bu başlangyjy türki döwletleriň raýatlarynyň şahsyýetnamalary arkaly özara syýahat etmegini giňeltmek baradaky teklip bilen baglanyşdyrýar.
Şeýle-de bolsa, Stambul howa menziliniň administrasiýasy täze tertibiň haçan güýje girjekdigi ýa-da onuň resmi taýdan ýola goýlandygy barada häzirlikçe maglumat bermedi.
Mundan ozal, 2026-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň içeri işler ministrleriniň üçünji maslahatynda Türkiýäniň içeri işler ministri Mustafa Çiftçi türki döwletleriň raýatlary üçin howa menzillerinde aýratyn pasport gözegçiligi zolaklaryny döretmek başlangyjyny goldaýandygyny mälim edipdi.
Bu ulgam Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda hereket edýän meňzeş tejribä esaslanyp, serhet gözegçiliginden geçmek işini ýeňilleşdirmegi we ýolagçylaryň garaşýan wagtyny azaltmagy maksat edinýär. Täze tertibiň haçan işe giriziljekdigi, şeýle hem onuň haýsy howa menzillerinde hereket etjekdigi barada anyk maglumat entek yglan edilmedi.