Köýtendag sement zawodynda önümçiligiň ösüş depgini ýokarlanýar

Amul Info · · koytendag, lebap

Köýtendag sement zawodynda önümçiligiň ösüş depgini ýokarlanýar

Lebap welaýatyndaky Köýtendag sement zawody 2026-njy ýylyň ilkinji on aýynda 1 million 701,1 müň tonna sement öndürdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarydyr. Kärhanada döwrebap tehnologiýalar arkaly portlandsement we sulfata durnukly sement öndürilip,…

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän sement zawodynda önümçilik görkezijileri ýokarlanýar. Kärhanada 2026-njy ýylyň ilkinji on aýynda 1 million 701,1 müň tonna sement öndürildi. Bu barada l ebap.biz saýty habar berýär.

Maglumatlara görä, geçen ýylyň degişli döwründe kärhanada 1 million 251,6 müň tonna sement öndürilipdir. 2024-nji ýylda zawodyň ikinji tapgyrynyň ulanyşa girizilmegi önümçilik kuwwatynyň artmagyna giň mümkinçilik döretdi.

Kärhanada portlandsement we gidrotehniki desgalaryň gurluşygynda ulanylýan ýokary hilli sulfata durnukly sement öndürilýär. Önümçilik işlerinde önümiň hiline, ykdysady netijelilige we ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Taýýar sement ýörite konweýerler arkaly ammarlara geçirilýär. Soňra ol haltalara gaplanyp awtoulaglar bilen ýa-da dökme görnüşinde demir ýol wagonlaryna ýüklenip, degişli ýerlere iberilýär. Önümçilik tapgyrlarynyň üznüksiz alnyp barylmagyna merkezi dispetçer bölüminiň hünärmenleri awtomatlaşdyrylan ulgam arkaly gözegçilik edýärler. Çig mallaryň hil görkezijileri bolsa ýörite laboratoriýada barlanýar.

Zawodyň Germaniýanyň, Türkiýäniň we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy öndürilýän önümleriň halkara hil ölçeglerine laýyk gelmegine ýardam berýär.

Köýtendag sebitinde hek daşy, kwars çägesi, gips we toýun ýaly önümçilik üçin zerur çig mallaryň bolmagy hem-de känleriň kärhana ýakyn ýerleşmegi önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Bu ýagdaý çig maly daşamak bilen bagly çykdajylary azaltmaga we önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berýär.

Источник: Amul Info