Jennifer Lawrens «The Flood» filminde baş keşbi janlandyrar
Amul Info ·

«Oskar» baýragynyň eýesi Jennifer Lawrens täze ylmy-fantastik triller — «The Flood» filminde baş keşbi ýerine ýetirer. Filmiň režissýory «Ýaraglar» we «Elhençlikleriň mesgeni» filmleri bilen tanalýan Zek Greggor bolar. Filmiň surata düşürilişi 2027-nji ýylyň başynda Ýewropada başlanar diýlip…
«Oskar» baýragynyň eýesi, meşhur amerikan aktrisasy Jennifer Lawrens täze ylmy-fantastik trillerde baş keşbi janlandyrar. «The Flood» atly filmiň režissýory hökmünde «Ýaraglar» we «Elhençlikleriň mesgeni» ýaly filmleri bilen tanalýan Zek Greggor çykyş eder.
Filmiň 2028-nji ýylyň 11-nji awgustynda kinoteatrlarda görkezilip başlanmagyna garaşylýar. Ýewropada surata düşüriliş işleriniň geljek ýylyň başynda başlanmagy meýilleşdirilýär. Filmiň prodýuserleriniň hatarynda meşhur režissýor we prodýuser Stiwen Spilberg hem bar. Ekран eserini «Warner Bros.» we «New Line» kinostudiýalary dünýäniň kinoteatrlaryna çykarar.
Şol bir wagtyň özünde kino sungatynyň taryhynda möhüm orun eýeleýän amerikan tansçysy we aktýory Fred Aster barada taýýarlanylýan täze filmiň esasy keşplerini ýerine ýetirjek artistleriň hem käbiri belli boldy.
Öň habar berlişi ýaly, awtobiografik häsiýetdäki filmde Fred Asteriň keşbini britaniýaly aktýor Tom Holland janlandyrar.
Filmiň aktýorlar düzümine meşhur aktrisalar Margaret Kualli we Sabrina Carpenter hem goşuldy. Margaret Kualli Fred Asteriň uýasy Adel Asteriň keşbini ýerine ýetirer. Sabrina Carpenter bolsa meşhur tansçy we artist Ginger Rojersiň keşbinde çykyş eder.
Filme «Paddington» we «Wonka» filmleri arkaly giňden tanalýan britaniýaly režissýor Pol King ýolbaşçylyk eder.
Häzirlikçe Fred Aster baradaky filmiň kinoteatrlarda haçan görkezilip başlanjakdygy barada resmi maglumat berilmedi.