Týumen döwlet uniwersiteti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Turkmenistan RSS Feed ·
Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi.
Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi. Bu çäre häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmaga, daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen abraýly forum hökmünde däbe öwrüldi.
Foruma Týumen döwlet uniwersitetiniň prorektory Andreý Tolstikow gatnaşdy. Ol žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň ylym we bilim edaralary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Wekiliň bellemegine görä, Türkmenistan biodürlüligi öwrenmek boýunça Russiýanyň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň biri bolan bu uniwersitet üçin aýratyn ylmy gyzyklanma döredýär. Diňe soňky 10 ýylyň dowamynda uniwersitetiň alymlary dünýäniň dürli künjeklerinde, şol sanda Türkmenistanda hem janly organizmleriň 1700-den gowrak täze görnüşini ylmy taýdan beýan etdiler.
Týumen döwlet uniwersitetiniň türkmen hyzmatdaşlary bilen akademik gatnaşyklarynyň baý däpleri bar. Hususan-da, Türkmenabat şäheriniň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Saparyň çäklerinde A. Tolstikow Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna baryp gördi. Bu ýerde ýakynda täze okuw binalar toplumlary ulanmaga berildi.
Institusional hyzmatdaşlygyň çäklerinde taraplar bilelikdäki başlangyçlaryň giň toplumyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýärler. Olaryň hatarynda talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmak, ýokary okuw mekdepleriniň ýöriteleşdirilen ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ylmy-amaly maslahatlary hem-de forumlary guramak, şeýle-de häzirki zaman ylmy ugurlary boýunça bilelikdäki barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar.
– Hyzmatdaşlygyň aýratyn möhüm ugurlarynyň biri hem öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdyr. Týumen döwlet uniwersiteti emeli aňy bilim işinde ulanmak boýunça öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Russiýanyň bu ýokary okuw mekdebi biodürlüligi gorap saklamaga we ondan rejeli peýdalanmaga esaslanýan bioykdysadyýet, şeýle hem emeli aň gurallaryny utgaşdyrýan häzirki zaman pedagogikasy ýaly strategik ugurlarda tagallalary birleşdirmäge taýýardyr – diýip, A. Tolstikow belledi.
Týumen döwlet uniwersiteti Türkmenistan üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlaýan Russiýanyň iri ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Häzirki wagtda bu uniwersitetde Türkmenistanyň 1018 raýaty bilim alýar.
Hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy iki ýurduň arasyndaky umumy ylmy we ynsanperwer giňişligi berkitmäge, bilim ulgamyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmaga hem-de ylmy hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam eder.