Germaniýaly kardiologlar Türkmenistanda hünär tejribelerini paýlaşýarlar
Amul Info ·

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň çäklerinde nemes kardiologlary we professorlary Türkmenistanda hünär tejribelerini paýlaşýarlar. Hünärmenler ýürek-damar keselleriniň öňüni almak, irki anyklaýyş we bejergi usullary boýunça türkmen lukmanlary bilen bilelikde…
Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde häzirki wagtda nemes lukmanlary we professorlary iş sapary bilen Türkmenistanda bolýarlar. Olar türkmen kärdeşleri bilen kardiologiýa we kardiohirurgiýa ugurlarynda tejribe alyşýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Hünärmenler ýürek-damar keselleriniň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak, bejermek we dikeldiş çärelerini geçirmek boýunça döwrebap lukmançylyk usullaryny amalyýete ornaşdyrmak ugrunda bilelikde işleýärler.
Saparyň dowamynda germaniýaly lukmanlar näsaglary anyklaýyş we maslahat beriş işlerini geçirerler. Şeýle hem türkmen lukmanlary bilen bilelikde ýürek operasiýalaryny ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.
Mýunhen şäherindäki dogabitdi ýürek näsazlyklary we çagalaryň kardiohirurgiýasy boýunça uniwersitet klinikasynyň direktory, kardiolog, professor Ýürgen Hýorer dogabitdi ýürek kemislikleriniň çagalaryň arasynda duş gelýän keselleriň biridigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, käbir ýagdaýlarda hirurgik bejergi zerur bolup, aýratyn-da täze doglan bäbeklerde operasiýany wagtynda geçirmek möhüm ähmiýete eýedir.
Professor Ýürgen Hýorer Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasynda kardiologiýa hem-de kardiohirurgiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň barha ösdürilýändigini, nemes hünärmenleriniň türkmen kärdeşleri bilen bilelikde yzygiderli operasiýalary geçirýändiklerini aýtdy. Ol dogabitdi ýürek kemislikleriniň käbirini has ýönekeý hirurgik usullar arkaly bejermek mümkin bolsa, beýlekileriniň çylşyrymly operasiýalary talap edýändigini we olaryň töwekgelçilikleriniň ýokary bolup bilýändigini nygtady.
Halkara hünär hyzmatdaşlygy lukmanlaryň tejribesini artdyrmaga, döwrebap bejeriş usullaryny özleşdirmäge we ýürek kesellerinden ejir çekýän näsaglara berilýän lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.