Bitkoiniň bahasy 65 müň dollardan aşak düşdi

Amul Info ·

Bitkoiniň bahasy 65 müň dollardan aşak düşdi

2026-njy ýylyň 15-nji noýabrynda bitkoiniň bahasy bir gije-gündiziň dowamynda takmynan 5,9 göterim arzanlap, 64,7 müň dollara çenli peseldi. Şeýlelikde, kriptowalýutanyň bahasy soňky gezek 19-njy awgustda hasaba alnan 65 müň dollarlyk çäkden bäri ilkinji gezek aşak düşdi.

2026-njy ýylyň 15-nji noýabryna geçilýän gije dünýäniň iň meşhur kriptowalýutasy bolan bitkoiniň bahasy bir gije-gündiziň dowamynda takmynan 6 göterim arzanlap, 65 müň amerikan dollaryndan aşak düşdi. Bu barada «RIA Nowosti» söwda maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Kriptowalýutalaryň söwda möçberi boýunça iň iri platformalarynyň biri bolan Binance biržasynda Moskwa wagty bilen sagat 00:03-de bitkoiniň bahasy soňky 24 sagadyň dowamynda 5,9 göterim pese gaçyp, 64 670,13 dollara deň boldy.

Şeýlelikde, ilkinji kriptowalýutanyň bahasy 2026-njy ýylyň 19-njy awgustyndan bäri ilkinji gezek 65 müň dollarlyk çäkden aşak düşdi.

Источник: Amul Info