Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi
tdh.gov.tm ·
Şu gün Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.