TÜRKMEN-ÝAPON DOSTLUGYNYŇ ROWAÇLY GADAMLARY

Soňky täzelikler ·

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer we ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň taryhynda şanly waka bagyşlanan aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Bu giň gerimli çäre alnyp barylýan köpýyllyk netijeli zähmetiň hem-de ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşulan uly goşandyň aýdyň ykrarnamasy hökmünde institutyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň 2026-njy ýyl üçin Hormat haty bilen sylaglanmagy mynasybetli guraldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde berkarar döwletimiz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn hem-de «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Aýratyn-da, bilim ulgamynda, ýapon dilini çuňňur öwretmekde, mugallymlaryň we talyplaryň аrаsynda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmekde hem-da iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda medeni köprüleri gurmakda alnyp barylýan giň gerimli işler bu gün öz oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi ulgamynda daşary ýurt dillerini öwretmekde we ussat dilçi mugallymlary taýýarlamakda esasy orun eýeleýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň ýokary sylagyna eýe bolmagy professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň yhlasly zähmetine berlen mynasyp bahadyr. Dabaraly çärede edilen çykyşlarda taraplar iki ýurduň arasyndaky birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň uly üstünliklere beslenýändigini nygtap, bu Hormat hatynyň geljekde has-da uly maksatlara ýetmäge ruhlandyrýan jogapkärli borçdugyny bellediler. Dabaranyň medeni maksatnamasy özara sazlaşygyny dabaralandyrýan aýratyn mazmunly häsiýete eýe boldy. Çäräniň ahyrynda iki ýurduň arasyndaky ylym-bilim we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem işjeň ösdüriljekdigi bellenilip, Türkmenistandan Ýaponiýa uzaýan dostluk ýollarynyň baky dowamat-dowam bolmagy ugrunda ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Источник: Soňky täzelikler