Marko Rubio Samarkant şäherine bardy
Amul Info ·

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio maşgalasy bilen Özbegistana iş saparyny amala aşyrdy. Samarkantda ol ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny — Türkmenistany, Özbegistany, Gazagystany, Gyrgyzystany we Täjigistany birleşdirýän «C5+1» formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio maşgalasy bilen Özbegistana iş saparyny amala aşyrdy. Onuň uçary Samarkant halkara howa menziline gondy. Amerikaly diplomaty Özbegistan Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa, ýurduň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, ABŞ Prezidentiniň ýörite wekili Serjio Gor hem-de Amerikanyň Özbegistandaky ilçisi Jonatan Henik garşyladylar.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem ABŞ-nyň Döwlet sekretary we amerikan işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklara gatnaşmak üçin Samarkant şäherine geldi.
Samarkantda Marko Rubio ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny — Türkmenistany, Özbegistany, Gazagystany, Gyrgyzystany we Täjigistany birleşdirýän «C5+1» formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 13-nji oktýabrda çap eden beýanatyna görä, Marko Rubionyň Özbegistana we Hindistana sapary 17–22-nji oktýabr aralygynda dowam eder.
Amerikanyň daşary syýasat edarasy «C5+1» duşuşygynyň ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda parahatçylygy pugtalandyrmak we abadançylygy üpjün etmek boýunça strategik hyzmatdaşlygyň ähmiýetine bagyşlanjakdygyny habar berdi. Saparyň çäklerinde Marko Rubionyň sebitiň ýurtlarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegi hem meýilleşdirilýär.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, Döwlet sekretaryna amerikan işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekili ýoldaşlyk edýär. Waşington bu saparyň ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açmaga ýardam etjekdigine garaşýar.