Türkmenistanyň we Singapuryň Baş prokuraturalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi

Amul Info ·

Türkmenistanyň we Singapuryň Baş prokuraturalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi

2026-njy ýylyň 17–18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Baş prokurory Begmyrat Muhamedowyň Singapura amala aşyran iş saparynyň dowamynda iki ýurduň Baş prokuraturalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi. Resminama hukuk bilimi, maglumatlar we ylmy-barlaglar boýunça…

2026-njy ýylyň 17–18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Baş prokurory Begmyrat Muhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Singapur Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Baş prokurory Singapuryň Baş prokurory Lýusýen Wong bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň prokuratura edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de türkmen wekiliýeti Singapuryň prokuratura gullugynyň işiniň aýratynlyklary, guramaçylyk düzümi we tejribesi bilen tanyşdy.

Saparyň netijesinde Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Singapur Respublikasynyň Baş prokuraturasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi. Resminama Türkmenistanyň Baş prokurory Begmyrat Muhamedow we Singapuryň Baş prokurory Lýusýen Wong tarapyndan gol çekildi.

Ähtnama iki edaranyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegi, özara düşünişmegi pugtalandyrmagy hem-de adyl kazyýet ulgamynyň kämilleşmegine ýardam bermegi maksat edinýär. Resminama laýyklykda, taraplar hukuk bilimi, maglumatlar we ylmy-barlaglar boýunça tejribe alyşmagy göz öňünde tutýarlar.

Bu Ähtnama Türkmenistanyň we Singapuryň arasynda hukuk we prokuratura ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Источник: Amul Info