Alp Arslan Begenjow RAF ýaryşynda çempionlyk guşagyny gazanyp bilmedi

Amul Info ·

Alp Arslan Begenjow RAF ýaryşynda çempionlyk guşagyny gazanyp bilmedi

Türkmen erkin göreşçisi Alp Arslan Begenjow Abu-Dabide geçirilen RAF ýaryşynda çempionlyk guşagyny gazanyp bilmedi. 20 ýaşly türgen titul ugrundaky tutluşykda amerikaly Kaýl Deýkä 0:10 hasabynda ýeňildi. Şeýlelikde, häzirki çempion Deýk «Cruiserweight» agram derejesindäki titulyny gorap galdy. Bu…

Erkin göreş boýunça türkmen türgeni Alp Arslan Begenjow Abu-Dabi şäherinde geçirilen Real American Freestyle (RAF) ýaryşynyň çempionlyk ugrundaky tutluşygynda amerikaly türgen Kaýl Deýke ýeňildi. Duşuşyk 10:0 hasabynda Deýkäniň peýdasyna tamamlandy.

Ýaryş 14-nji noýabrda Ýas adasyndaky «Etihad Arena» sport toplumynda geçirildi. «Cruiserweight» agram derejesinde liganyň häzirki çempiony bolan Kaýl Deýk bu ýeňşi bilen çempionlyk titulyny saklap galdy.

20 ýaşly Alp Arslan Begenjow üçin bu RAF ligasyndaky ilkinji çykyş boldy. Ol ilkinji tutluşygynda häzirki zaman erkin göreşiniň güýçli wekilleriniň biri bilen güýç synanyşdy.

Источник: Amul Info