Türkmenistanda oba hojalyk öndürijilerine 1 göterim bilen ýeňillikli karz berler
Amul Info ·

Türkmenistanda oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin täze ýeňillikli karzlaşdyrma tertibi tassyklanyldy. Täze düzgünlere laýyklykda, karzlar ýyllyk 1 göterim bilen, 10 ýyla çenli möhlete berler. Serişdeleri oba hojalyk tehnikalaryny we suwaryş enjamlaryny satyn almaga, maldarçylyk we guşçulyk…
Türkmenistanda oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli karzlary bermegiň täze Tertibi tassyklanyldy . Resminama laýyklykda, karzlar ýyllyk 1 göterim bilen, 10 ýyla çenli möhlete berler.
Täze Tertip Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň 2026-njy ýylyň 24-nji awgustyndaky 280-nji belgili buýrugy bilen tassyklanyldy. Resminama 16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 1968 belgisi bilen döwlet belligine alyndy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 11-nji maýyndaky oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak baradaky 1822-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanyldy. Täze düzgünler Merkezi bankyň 2018-nji ýylda tassyklan öňki Tertibiniň ornuny tutýar.
Kimler ýeňillikli karz alyp biler?
Ýeňillikli karzlardan daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, degişli ylmy-barlag institutlary, ýer eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we kärendeçiler peýdalanyp bilerler. Şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürýän hususy telekeçiler hem-de Türkmenistanda hasaba alnan döwlete dahylsyz ýuridik şahslar karz almaga hukuklydyrlar.
Karzlar Türkmenistanyň ygtyýarly karz edaralary tarapyndan berler. Türkmenistanda hereket edýän, maýasynyň 100 göterimi daşary ýurt maýasyndan ybarat karz edaralary bu tertibe girmeýär. Karzlaşdyrmak milli we daşary ýurt pulunda amala aşyrylyp bilner.
Karz serişdeleri haýsy maksatlara berler?
Ýeňillikli karzlary oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, ekskawatorlary, buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, dürli enjamlary, suwaryş turbageçirijilerini hem-de transformatorlary satyn almak üçin ulanmak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, maldarçylyk we guşçulyk, oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, degişli hyzmatlaryň tölegini geçirmek, esasy serişdeleri we emlägi satyn almak üçin karz serişdeleri berler.
Karz pullaryny ýitgileriň öwezini dolmak, jerimeleri tölemek, temmäki önümlerini we alkogolly içgileri öndürmek, şeýle hem söwda we dellekhana kärhanalarynyň dolanyşyk serişdelerini döretmek üçin ulanmak gadagan edilýär.
Karzlaşdyrmagyň esasy şertleri
Täze Tertip boýunça karzlaryň ýyllyk göterim derejesi 1 göterim, möhleti bolsa 10 ýyla çenli bellenildi. Tehnika we enjam satyn almak üçin alnan karzlar her ýyl deň paýlarda üzülmelidir.
Karz alyjy maýa goýum taslamasynyň umumy bahasynyň azyndan 15 göterimini öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmelidir. Maýa goýum taslamalary üçin ýeňillikli döwür bellenilip, karz serişdeleri tapgyrlaýyn esasda hem berlip bilner.
Türkmenistanyň Merkezi banky täjirçilik banklary bilen karz serişdelerini ýyllyk 0,5 göterim bilen bermek barada şertnamalar baglaşýar.
Karzyň üpjünçiligi we resminamalar
Tehnika satyn almak üçin berilýän karzlarda girew hökmünde şol tehnikanyň bahasynyň 70 göterimine çenli möçberi kabul edilýär. Galan bölegi boýunça karz alyjynyň geljekde gazanjak girdejileri göz öňünde tutulýar. Karz alyjylaryň degişli toparlary üçin girew, bank kepilligi ýa-da üçünji tarapyň kepilligi hem üpjünçilik hökmünde kabul edilip bilner. Daýhan birleşikleriniň karzlary boýunça üpjünçilik hökmünde olaryň ähli iş görnüşlerinden alýan girdejileri göz öňünde tutulýar.
Karz almak isleýän tarap banka arza, hasaba alnandygy baradaky resminamalary, iş meýilnamasyny, ýer bölegine degişli resminamalary we karz alyjynyň görnüşine baglylykda soňky iki ýa-da üç ýylyň girdejileri baradaky maglumatlary tabşyrmalydyr.
Bank arzanyň hasaba alnan gününden başlap 15 iş gününiň dowamynda karz bermek ýa-da bermekden ýüz öwürmek barada çözgüt kabul etmelidir. Karz bermekden ýüz öwrülen ýagdaýynda, onuň sebäpleri arza berijä ýazmaça görnüşde habar berilmelidir.
Karz serişdeleriniň ulanylyşyna gözegçilik
Karz pullary nagt däl görnüşde karz alyjynyň aýratyn karz hasabyna geçirilýär. Bu hasapdan töleg tabşyryknamalary boýunça hasaplaşyklary geçirmek, şeýle hem daşary söwda şertnamalary boýunça daşary ýurtly taraplaryň peýdasyna töleg etmek üçin daşary ýurt puluny satyn almak mümkindir.
Banklar karz serişdeleriniň bellenen maksatlara laýyk ulanylyşyny ýerinde barlamaga we her aýda Türkmenistanyň Merkezi bankyna degişli hasabatlary, şol sanda karz alanlaryň sanawyny tabşyrmaga borçludyrlar.
Karz serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmandygy ýüze çykarylsa, bank degişli möçberi karz alyjynyň hasaplaryndan möhletinden öň tutup alyp biler. Karz tölegleri gijikdirilen ýagdaýynda bolsa, bank şertnamany ýatyrmaga we karzyň galan bölegini möhletinden öň gaýtarmagy talap etmäge haklydyr.
Täze Tertibiň esasy maksatlarynyň hatarynda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, peýdalanylmaýan ýerleri özleşdirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini we eksporty artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrmak bar.