Russiýa «Rasswet» hemra aragatnaşyk ulgamyny döretmek işlerini çaltlandyrýar
Amul Info ·

Russiýa «Starlink» ulgamyna alternatiwa hökmünde «Rasswet» hemra aragatnaşyk ulgamyny döretmek işlerini çaltlandyrýar. Taslamany «Býuro 1440» kompaniýasy amala aşyrýar. Häzirki wagtda «Rasswet-3» kysymly 30-dan gowrak hemra Ýeriň pes orbitasyna çykaryldy. 2027-nji ýyla çenli olaryň sanyny 250-den…
Russiýa «Starlink» ulgamyna alternatiwa hökmünde göz öňünde tutulýan «Rasswet» atly hemra aragatnaşyk ulgamyny döretmek boýunça işleri çaltlandyrýar. «Býuro 1440» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýan taslama barada «Financial Times» neşiri habar berýär.
Täze ulgam Ýeriň pes orbitasynda hereket edýän hemralaryň üsti bilen aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem ony pilotsyz uçýan enjamlary we awtoulaglary hakyky wagt tertibinde dolandyrmak üçin ulanmak meýilleşdirilýär. Bu mümkinçilikleriň Ýewropanyň üstündäki giňişlikde hem peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar. Hemralar hereket edýän obýektleriň koordinatlaryny ýerüsti dolandyryş merkezlerine geçirmäge mümkinçilik berer.
Taslamanyň esasy maksatlarynyň biri hem pilotsyz enjamlaryň radioelektron päsgelçiliklere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmakdyr.
Häzirki wagta çenli «Rasswet-3» kysymly 30-dan gowrak hemra orbita çykaryldy. Olar Ýerden takmynan 510 kilometr belentlikde ýerleşýär. Şeýle orbital beýiklik has ykjam ykjam aragatnaşyk terminallaryny ulanmak üçin amatly şertleri döredýär.
Ulgamyň dünýä derejesinde doly gurşawyny üpjün etmek maksady bilen, 2027-nji ýyla çenli hemralaryň sanyny 250-den gowraga ýetirmek meýilleşdirilýär.