DABARALY HARBY ÝÖRIŞ – BELENT MERTEBE

State customs service of Turkmenistan ·

DABARALY HARBY ÝÖRIŞ – BELENT MERTEBE

2026-njy ýyl türkmen halky üçin aýratyn täsirli ýyllaryň birine öwrüldi. Bu ýylda biziň ahalteke bedewlerimiziň şöhrat şany dünýä ýaýyldy. Bu ýylda bagtyýar halkymyz öz Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk ýubileý baýramyny ýokary derejede belläp geçdi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýöriş biziň her birimizde uly täsir galdyrdy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Döwlet münberiniň öňünde geçirilen dabaraly harby ýörişden Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň serkerdeler düzümi belent ruhda geçdiler. Harby gullukçylaryň belent owaz bilen «Halk, Watan, Belent Serkerdebaşy!» diýen şygar astynda dabaraly harby ýörişden geçmegi, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goraýjylaryň mukaddes Watanyna, ene topragyna bolan söýgüsiniň has-da çäksizdigini görkezdi. Dabaraly harby ýöriş her bir watan goragçysy, her bir merdana Watan gerçegi üçin mertebedir, buýsançdyr, derejedir. Harby ýöriş eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň we halkymyzyň parahatçylygynyň, asudalygynyň, bagtyýar durmuşynyň goragynda duran merdana Watan goragçylarynyň ýokary hünär ussatlygyny, şeýle hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän mertlik, edermenlik, batyrlyk ýaly häsiýetlerini alamatlandyrýan şöhratly nyşanydyr.

Источник: State customs service of Turkmenistan