Tehnologiýa we ekologiýa: CIPCC-2026-nyň Çendu şäherindäki metbugat sapary

Amul Info ·

Tehnologiýa we ekologiýa: CIPCC-2026-nyň Çendu şäherindäki metbugat sapary

Hytaýda geçirilýän CIPCC-2026 halkara okuw maksatnamasynyň çäklerinde dürli ýurtlaryň žurnalistleri, şol sanda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, 21–24-nji sentýabrda Çendu şäherine sapar amala aşyrdylar. Saparyň dowamynda gatnaşyjylar ýaşyl energetika, durnukly…

Hytaý Halk Respublikasynda «Halkara maglumat merkezi» taslamasynyň çäklerinde dürli ýurtlaryň žurnalistleri üçin «China International Press Communication Center (CIPCC) 2026» halkara okuw maksatnamasy dowam edýär. Maksatnamanyň çäklerinde dürli ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan bolan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Hytaýyň dürli sebitlerine saparlary amala aşyrýarlar.

Amaly tejribä esaslanýan bu maksatnamanyň nobatdaky saparlarynyň biri 21–24-nji sentýabrda Hytaýyň Çendu şäherinde geçirildi. Saparyň esasy ugurlary durnukly ösüş, ýaşyl energetika, innowasion tehnologiýalar we halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly boldy.

Häzirki wagtda dünýäde bolup geçýän geoykdysady we syýasy özgertmeler şertlerinde ylym, tehnologiýa we innowasiýalar ykdysady ösüşiň netijeli gurallary bolmak bilen bir hatarda, halkara diplomatiýasynyň hem möhüm ugurlarynyň birine öwrülýär. Çendu–Çunsin sebitinde «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde alnyp barylýan ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk dürli ýurtlaryň žurnalistlerini we hünärmenlerini bir ýere jemledi.

Çenduda saparyň ilkinji gününde «Şijicheng» halkara konferensiýa merkezinde ylmy-tehniki hyzmatdaşlyga bagyşlanan çäräniň açylyş dabarasy geçirildi. Onda «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde halkara innowasion we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem çäräniň maksatnamasy barada maglumat berildi. Gatnaşyjylar Siçuan welaýatynyň ylmy-tehniki we innowasion mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem sebitde işleýän daşary ýurtly alymlar «Siçuandaky ylmy-barlag işim» atly mowzuk boýunça çykyş etdiler.

22-nji sentýabrda Sinhuа uniwersitetiniň Siçuan energiýa interneti boýunça ylmy-barlag institutyna barylmagy maksatnamanyň möhüm bölekleriniň biri boldy. Bu ýerde Hytaýyň ekologik diplomatiýa we täze energetika ugurlaryndaky gazananlary bilen tanyşdyryldy.

Ylmy hyzmatdaşlygyň halkara diplomatiýa gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy aýratyn bellenildi. Hytaý bilen Täze Zelandiýanyň kivi önümçiligini öwrenmek boýunça bilelikdäki barlaghanasy munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi. Geografik taýdan biri-birinden uzakda ýerleşýän we dürli syýasy ulgamlara eýe bolan döwletleriň bilelikdäki ylmy barlaglaryň üsti bilen oba hojalygyny we biotehnologiýalary ösdürip bilýändigi bellenildi.

Bu tejribe «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň diňe bir fiziki infrastruktura taslamalary bilen çäklenmän, eýsem halkara ylmy jemgyýetçiligiň kemala gelmegine hem ýardam berýändigini görkezýär.

Şol gün Çendu şäherindäki Týanfýu halkara biomedisina seýilgähine hem baryldy. Günbatar Hytaýyň ylmy şäheriniň — Çendunyň düzümindäki bu sebit bioykdysadyýeti ösdürmegiň öňdebaryjy zolagy we «şäher-seýilgäh» görnüşindäki nusgalyk meýdança hökmünde kesgitlenýär.

Bu ýerde bioykdysadyýet babatda dünýä derejesindäki innowasion merkezi döretmäge gönükdirilen maksatnama durmuşa geçirilýär. Onuň esasy ugurlarynyň hatarynda biomedisina, lukmançylyk enjamlary, bioserwisler we bioproduksiýa görkezilýär.

23-nji sentýabrda maksatnamanyň gatnaşyjylary Çendu şäherindäki uly pandalary köpeltmek boýunça ylmy-barlag merkezine baryp gördüler. Panda diňe bir tebigaty we biodürlüligi goramagyň nyşany bolman, eýsem döwletleriň arasyndaky dostlugyň we parahatçylygyň diplomatik nyşany hökmünde hem tanalýar.

1987-nji ýylda döredilen merkez 2006-njy ýylda 4A derejeli döwlet syýahatçylyk desgasy derejesine eýe bolupdyr. Şeýle hem ol Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly «Global 500» ekologik baýragyna iki gezek mynasyp bolupdyr.

Maksatnamanyň gatnaşyjylarynda Çendu ylmy-innowasion ekoparkynyň sergi zalynda we Çendu innowasion gumanoid robotlar merkezinde geçirilen tanyşdyryşlar hem uly gyzyklanma döretdi.

«Chengdu Humanoid Robot Innovation Center Co., Ltd.» kompaniýasy 2024-nji ýylyň aprelinde döredilip, Merkezi we Günbatar Hytaýda gumanoid robotika ulgamyndaky iri birleşmeleriň biri hökmünde çykyş edýär. Merkez ýerli şertleri nazara alyp, täze önümçilik kuwwatlyklaryny ösdürýär hem-de «embodied intelligence» — «bedenleşdirilen intellekt» tehnologiýasyna esaslanýan inženerçilik robotlaryny kämilleşdirmäge we önümçilige ornaşdyrmaga ýardam berýär.

24-nji sentýabrda saparyň maksatnamasynyň çäklerinde «Chengdu Guoxing Aerospace Technology Co., Ltd.» kompaniýasyna we «Tongwei» fotoelektrik tehnologiýalary muzeýine baryldy.

Saparyň ahyrynda tejribe alyşmak boýunça jemleýji duşuşyk geçirildi. Onda daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri sapardan alan täsirleri bilen paýlaşdylar we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çendu şäherindäki saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklar we tanyşdyryşlar XXI asyrda durnuklylygyň we parahatçylygyň diňe bir gepleşikler arkaly däl, eýsem bilelikdäki ylmy-tehnologik ösüşiň üsti bilen hem pugtalandyrylýandygyny görkezdi.

Şeýlelikde, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy tehnologiýalary, ekologiýany we dürli ýurtlaryň adamlaryny birleşdirip, köptaraplaýyn ösüş üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň birini emele getirýär.

Источник: Amul Info