Aşgabatda «Hindi kinosynyň sazlary» atly konsert geçiriler

Amul Info · · asgabat, ashgabat

Aşgabatda «Hindi kinosynyň sazlary» atly konsert geçiriler

8-nji noýabrda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde «Hindi kinosynyň sazlary» atly konsert geçiriler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri dirižýor Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygynda Bolliwudyň meşhur filmlerinden tanalýan saz eserlerini ýerine ýetirer.

8-nji noýabrda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde «Hindi kinosynyň sazlary» atly konsert geçiriler. Konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri dirižýor Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygynda çykyş eder.

Saz agşamynyň dowamynda Bolliwudyň meşhur filmlerinden dünýä tanalan aýdym-saz eserleri ýaňlanar. Konsertiň solistleri hökmünde Mansur Şaripow, Tahçynabat Ýomudowa, Arzuw we Gülzada Görganowalar hem-de Bahram Huseýnow çykyş ederler.

Konsert şol gün iki gezek — sagat 17:00-da we 19:30-da geçiriler.

Çäräniň maksady hindi kinosynyň meşhur sazlaryny simfoniki orkestriň ýerine ýetirmeginde diňleýjilere ýetirmek we tomaşaçylara ýakymly saz agşamyny sowgat etmekden ybaratdyr.

Biletleri satyn almak we goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bolýar: 72 45 12 ,

8 (63) 46 71 77 .

Источник: Amul Info