Daşoguz welaýatynda pagta çigidinden ösümlik ýagy öndürýän zawod gurlar

Amul Info · · dashoguz

Daşoguz welaýatynda pagta çigidinden ösümlik ýagy öndürýän zawod gurlar

Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna tehniki pagta çigidini gaýtadan işlemäge ukyply ösümlik ýagy öndürýän kärhana gurlar. Bu taslama Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda amala aşyrylar.

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna tehniki pagta çigidini gaýtadan işlemäge ukyply ösümlik ýagy önümçiligi kärhanasy gurlar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararynda bellenilýär.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine täze kärhananyň taslamasyny taýýarlamak we gurluşygyny amala aşyrmak üçin şertnama baglaşmaga rugsat berildi. Taslamanyň çäklerinde zawodyň töweregindäki çäkleri abadanlaşdyrmak hem göz öňünde tutulýar.

Täze önümçilik kärhanasynyň gurulmagy oba hojalygynyň ösdürilmegine, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine hem-de ýurduň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Şeýle hem bu taslama oba hojalygynda we azyk senagatynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, çig maly toplumlaýyn we galyndysyz gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga ýardam berer.

Источник: Amul Info