Dowarlar dok we ýyly gyşladylar
Turkmenistan RSS Feed ·
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde obasenagat toplumynyň maldarçylyk ulgamynda gazanylýan üstünliklere aýratyn orun degişlidir.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde obasenagat toplumynyň maldarçylyk ulgamynda gazanylýan üstünliklere aýratyn orun degişlidir. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, döwlet tarapyndan bu ulgamy ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Özleri hakynda edilýän aladalardan ugur alyp, Lebap welaýatynyň maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň hünärmenleri, birleşige degişli maldarçylyk hojalyklarynyň öri meýdanlaryndaky çopanlary adatda bolşy ýaly 2026-njy – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem yhlasly zähmet çekýärler. Häzirki wagtda welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşigine degişli maldarçylyk hojalyklarynyň 5-si bolup, olarda dowarlar, iri şahly mallar we düýeler idedilýär. Bu hojalyklarda mallaryň baş sanynyň ýylyň-ýylyna artdyrylmagy işleriň göwnejaý guralandygyna şaýatlyk edýär. Önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynda häzirki wagtda dowarlaryň baş sany 109 müň 660-dan gowrak bolup, ondan 54 müň 780 töweregi ene goýun, iri şahly mallaryň 1 müň 300-e golaýy bolup, olaryň 300-den gowragy sygyrlar, şeýle hem düýeleriň baş sany 2 müň 760-a deň bolup, olaryň 1 müň 280-e golaýy ene düýelerdir. Mallaryň idedilýän öri meýdanlarynda gyş möwsümine taýýarlyk işleriniň tutuş ýylyň dowamynda guramaçylykly alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli maldarçylyk hojalyklaryna degişli kaşarlaryň 309-sy, agyllaryň 89-sy, guýularyň 520-si, dik guýularyň hem 2-si abatlanyp, möwsüme doly taýýar edilipdir. Örülerdäki alnyp barylýan tutanýerli işler bu desgalaryň abatlaýyş işleriniň ýakyn wagtlarda tamamlanjakdygyna güwä geçýär.
Mallaryň gyşdan abat we orta semizlikde çykmaklygy ýerlerdäki ot-iýmleriň bolçulygyna bagly bolup durýar. Bu ugurda hem maldarçylyk hojalyklarynda öndürijilikli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek bolar. Häzirki döwre çenli bu hojalyklaryň öri meýdanlarynda 7 müň 536 tonna ot-iým taýýarlanylyp, onuň 247 müň 67 tonnasy ýorunja bedesi, 1 müň 910 tonnasy meýdan otlary, 4 müň 59 tonnasy iri baldakly otlar, 1 müň 265 tonnasy saman, 55 tonnasy hem arpadyr. Gündogar sebitde mallar üçin ýörite ot-iýmlik ekinleriň ekilýändigini, häzirki döwürde hem ähli maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümi üçin ätiýaçlyk ot-iýmleri taýýarlamagyň gyzgalaňly dowam edýändigini, bu möhüm işleriň aýratynda Köýtendag etrabynyň «Köýtendag» we Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» daýhan hojalyklarynda netijeli alnyp barylýandygyny belläp geçmek möhümdir. Lebap welaýatynyň zähmetsöýer maldarlarynyň häzirki wagtda alyp barýan tutanýerli işleri olaryň gyş möwsümine doly taýýarlykly barjakdyklaryna güwä geçýär.