Türkmenistanda gurluşyk we senagat işgärleriniň güni mynasybetli halkara forumyna taýýarlyk görülýär

Amul Info ·

Türkmenistanda gurluşyk we senagat işgärleriniň güni mynasybetli halkara forumyna taýýarlyk görülýär

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara sergi we maslahat geçiriler. Çärä daşary ýurt kompaniýalarynyň, hususy kärhanalaryň hem-de degişli edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergini we maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Annammämmedow hasabat berdi.

Meýilnama laýyklykda, «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara sergini we maslahaty guramak göz öňünde tutulýar. Olara daşary ýurt kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň hem-de degişli edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň çäklerinde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Halkara çäre gurluşyk, senagat, energetika, himiýa senagaty we ýol gurluşygy ýaly ugurlarda ulanylýan döwrebap tehnikalar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak, ozal ýola goýlan işewürlik gatnaşyklaryny berkitmek we täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin şert döreder.

Mejlisiň dowamynda bu çäräni guramak bilen bagly degişli teklip döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülmeginiň hem-de olaryň guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.

Источник: Amul Info