Türkmenistanly aýdymçy «Salam, Andreý!» gepleşiginiň myhmany boldy

Amul Info ·

Türkmenistanly aýdymçy «Salam, Andreý!» gepleşiginiň myhmany boldy

Türkmenistanly aýdymçy Täçnabat Ýomudowa Russiýanyň meşhur «Salam, Andreý!» telewizion gepleşiginiň ýörite myhmany boldy. Ol Andreý Malahow bilen bilelikde çykyş etdi. Wiktor Korolýowyň 65 ýyllygyna bagyşlanan gepleşikde Täçnabat hindi filmlerinden aýdymlary ýerine ýetirmekdäki özboluşly zehini…

Türkmenistanly aýdymçy Täçnabat Ýomudowa Russiýanyň meşhur «Salam, Andreý!» atly telewizion gepleşiginiň ýörite myhmany boldy. Ol gepleşigiň alyp baryjysy Andreý Malahow bilen bilelikde çykyş etdi.

Telewizion gepleşik görnükli aýdymçy we kompozitor Wiktor Korolýowyň 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli taýýarlanyldy. Moskwa çagyrylygy bolsa türkmen aýdymçysy üçin garaşylmadyk we ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüldi.

Täçnabat Ýomudowa Aşgabatda hindi filmlerinden belli aýdymlary özboluşly ýerine ýetirmegi bilen diňleýjileriň arasynda tanalýar. Onuň özüne çekiji sesi we ýerine ýetirijilik ussatlygy köpçüligiň ünsüni çekýär. Aýdymçy sazandalar bilen dürli konsertlerde çykyş etmek bilen birlikde, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeni çärelerine hem işjeň gatnaşýar.

Täçnabadyň ýörite sazçylyk mekdebinde bilim almandygyny bellemek gerek. Ol hindi dilindäki aýdymlary köp ýyllaryň dowamynda yzygiderli diňlemek arkaly bu ugurda özbaşdak başarnyk gazanypdyr.

Daşary ýurt dilindäki aýdymlary dogry aýtmak diňe bir sazyň aýratynlyklaryny özleşdirmegi däl, eýsem şol dilde sözleri dogry we aýdyň aýtmagy hem talap edýär. Hindi aýdym-sazynyň özboluşly äheňleri we gündogar ýerine ýetirijilik däpleri hem bu işde aýratyn çemeleşmäni talap edýär.

Täçnabadyň özüne çekiji sesi diňleýjileri hindi kinosynyň — Bolliwudyň aýdym-saz dünýäsine alyp barýar. Onuň ýerine ýetirişleri türkmen diňleýjileriniň hem, daşary ýurtly tomaşaçylaryň hem gyzyklanmasyny döredýär.

Gepleşigiň dowamynda Täçnabat Ýomudowanyň ene dilindäki aýdymyny ýerine ýetirmegi hem haýyş edildi. Ol tomaşaçylara türkmen halkynyň gadymy aýdym-saz we tans däpleriniň biri bolan «Küştdepdi» gazalyny bagyş etdi.

«Küştdepdi» türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelen aýdym-saz we tans sungatynyň möhüm bölekleriniň biridir. Bu milli sungat däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna hem girizildi.

Häzirki wagtda Täçnabat Ýomudowanyň iň uly arzuwlarynyň biri Hindistana syýahat etmek. Aýdymçy Bolliwudyň dünýä belli ýyldyzlarynyň çykyş edýän we hindi aýdym-sazynyň hem-de tans sungatynyň özboluşly gurşawynyň kemala gelen bu ýurduna baryp, öz zehinini täze tomaşaçylara ýetirmegi arzuw edýär.

Источник: Amul Info