Daşoguz welaýatynda şaly hasylyny ýygnamak işleri başlandy
Amul Info · · dashoguz

Daşoguz welaýatynda şaly oragy giň gerimde alnyp barylýar. «Ykbal açary» hojalyk jemgyýeti şu ýyl 800 gektarda şaly ösdürip ýetişdirdi. Möwsümiň ilkinji günlerinde 600 gektardan gowrak meýdanyň hasyly ýygnaldy. Welaýatyň daýhanlary şu ýyl azyndan 35 müň tonna şaly ýygnamagy maksat edinýärler.
Daşoguz welaýatynda şaly hasylyny ýygnamak möwsümi giň gerime eýe bolýar. Sebitiň şaly öndürmekde esasy orun eýeleýän daýhan birleşikleri bilen birlikde, hususy önüm öndürijiler hem bu ugurdaky işlere işjeň gatnaşýarlar.
Welaýatda şaly ösdürip ýetişdirmekde S.Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow we «27-nji oktýabr» daýhan birleşikleri esasy önüm öndürijileriň hatarynda durýar. Şaly önümçiligine ýerli hususy düzümler hem barha uly goşant goşýarlar. Şolaryň biri bolan «Ykbal açary» hojalyk jemgyýeti şu ýyl 800 gektar meýdanda şaly ösdürip ýetişdirdi.
Möwsüme guramaçylykly taýýarlyk görülmegi we işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy netijesinde, hasyl ýygnamak işleriniň ilkinji günlerinde 600 gektardan gowrak meýdandaky şaly oruldy. Bu işlerde häzirki zaman ýokary öndürijilikli kombaýnlar we ýygnalan dänäni daşamak üçin zerur bolan beýleki oba hojalyk tehnikalary netijeli ulanylýar.
Şu ýylky hasylyň esasy bölegini ýerli howa we toprak şertlerine oňat uýgunlaşan «Nöküs-2» görnüşli şaly düzýär. Bu sort ýokary hasyllylygy, kesellere durnuklylygy, ýykylmaga we däneleriniň dökülmegine garşy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şeýle-de onuň tagam aýratynlyklary sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanmagyna ýardam edýär.
Daşoguz welaýaty Türkmenistanyň şaly öndürýän iri sebitleriniň biridir. Bu ýerde şaly ösdürip ýetişdirmekden başlap, ony çuňňur gaýtadan işlemäge çenli önümçilik tapgyrlary ýola goýlupdyr. S.Türkmenbaşy etrabynyň çäginde, şaly ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlaryň golaýynda häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan şaly arassalaýjy kärhananyň gurulmagy hem pudagyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeldýär.
Welaýatyň daýhanlary häzirki möwsümde meýdanlardan azyndan 35 müň tonna şaly ýygnap almagy maksat edinýärler. Hasyl ýygnamak işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi bu wezipäni ýerine ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir.