Hytaýda emeli aň kompaniýalarynyň paýnamalarynyň arzanlamagy bazaryň kapitalizasiýasyny 480 milliard dollar töweregi azaltdy

Amul Info ·

Hytaýda emeli aň kompaniýalarynyň paýnamalarynyň arzanlamagy bazaryň kapitalizasiýasyny 480 milliar…

Hytaýyň emeli aň we ýarymgeçirijiler pudagyndaky kompaniýalarynyň paýnamalary arzanlady. STAR50 indeksi dört aýa ýetmedik döwürde takmynan 40% pese gaçyp, degişli kompaniýalaryň umumy bazar gymmaty 480 milliard dollar töweregi azaldy. Hünärmenler bu ýagdaýy paýnamalaryň ýokary bahalanmagy we…

Hytaýyň Şanhaý gaznasynyň emeli aň we ýarymgeçirijiler pudagynda öňdebaryjy kompaniýalary öz içine alýan STAR50 birža indeksi dört aýa ýetmedik döwürde takmynan 40 göterim pese gaçdy. Netijede, indekse girýän kompaniýalaryň umumy bazar gymmaty takmynan 480 milliard dollar azaldy. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Hytaýyň iri kompaniýalarynyň paýnamalaryny öz içine alýan CSI300 indeksi hem iýun aýynda gazanan iň ýokary derejesinden takmynan 20 göterim aşak düşdi. Şeýlelikde, ykdysadyýeti höweslendirmek boýunça garaşylýan çäreleriň täsiri bilen iki ýyl bäri dowam edip gelen ösüş togtady. Deňeşdirmek üçin, ABŞ-nyň Nasdaq indeksi üç hepde öň gazanan rekord derejesinden takmynan 6 göterim peseldi.

Bazara gatnaşyjylaryň aýtmagyna görä, paýnamalaryň köpçülikleýin satylmagyna bir anyk sebäp ýok. Muňa kompaniýalaryň bazar bahalarynyň ýokary bolmagy, salgyt tölegleri, şeýle hem Hytaýda öndürilen enjamlaryň ABŞ-da we beýleki ýurtlarda ýerleşýän maglumat merkezlerinde ulanylmagynyň çäklendirilmek ähtimallygy täsir eden bolup biler.

Goldman Sachs maýa goýum bankynyň maglumatlaryna görä, emeli aň pudagyndaky kompaniýalar Hytaýyň bazar kapitalizasiýasynyň 42 göterimini, ýurduň materik bölegindäki we Gonkongdaky biržalarda söwdanyň umumy möçberiniň bolsa 57 göterimini emele getirýär. Bu bazarda hususy maýadarlaryň paýy hem ýokary bolmagynda galýar.

Paýnamalaryň bahasynyň pese gaçmagy, esasan, hususy maýadarlaryň arasynda meşhur bolan kompaniýalara täsir etdi. Awgust aýynda söwdasy başlan robot öndürijisi Unitree kompaniýasynyň paýnamalary gymmatynyň takmynan ýarysyny ýitirdi. CXMT çip öndürijisiniň paýnamalary soňky bir aýda dörtden bir böleginden gowrak arzanlady.

MetaX Integrated Circuits we Moore Threads Technology kompaniýalarynyň paýnamalary iýul aýyndan bäri takmynan iki esse pese gaçdy. Zhongji Innolight we Eoptolink Technology optiki enjamlar öndürijileriniň paýnamalary bolsa ABŞ-a eksportyň çäklendirilmek ähtimallygy bilen iýun–iýul aýlarynda gazanan iň ýokary derejesinden takmynan 60 göterim aşak düşdi.

Şeýle-de bolsa, STAR50 indeksiniň bahasy kompaniýalaryň soňky 12 aýdaky girdejisine görä takmynan 100 esse derejede saklanýar. Nasdaq 100 indeksinde bu görkeziji 30 esse töweregidir. Bu ýagdaý Hytaýyň emeli aň kompaniýalarynyň paýnamalarynyň henizem ýokary bahalandyrylýandygyny görkezýär.

Käbir maýadarlar paýnamalaryň bahasynyň mundan beýläk-de peselmeginiň mümkindigini çaklaýarlar. Lotus Asset Management kompaniýasynyň dolandyryjy hyzmatdaşy Hun Hao-nyň pikirine görä, häzirki ýagdaý birnäçe kompaniýanyň birža çykmak baradaky meýilnamalaryna täsir edip biler.

Beýleki bazar gatnaşyjylary bolsa ýagdaýy has aram bahalandyrýarlar. Goldman Sachs Innolight we CXMT kompaniýalaryny Hytaýyň emeli aň pudagyndaky maslahat berilýän paýnamalaryň täzelenen sanawyna goşdy. BNP Paribas Securities kompaniýasynyň strategi Uilýam Brettony bolsa häzirki bazary seresaply maýadarlar üçin täze mümkinçilikleriň çeşmesi hökmünde häsiýetlendirdi.

HSBC bankynyň maglumatlaryna görä, Aziýa maýa goýum gaznalary soňky üç aýyň dowamynda Hytaýyň aktiwlerini satan hem bolsalar, olaryň maýa goýum bukjalarynda Hytaýyň paýy, umuman alanyňda, ýokary derejede galýar.

Hytaýyň Gymmatly kagyzlary kadalaşdyrmak boýunça komissiýasy Reuters agentliginiň bu mesele baradaky ýüzlenmesine jogap bermedi. Oktýabr aýynyň başynda edaranyň başlygy U Szin bazaryň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin bazar wekilleri bilen duşuşypdy.

Источник: Amul Info