Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler
Turkmenistan RSS Feed ·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan «Milli emeli aň tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, akylly diwersifikasiýa, durnukly ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan «Milli emeli aň tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, akylly diwersifikasiýa, durnukly ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler.
Halkara maslahat 28-nji oktýabrda onlaýn görnüşde geçiriler. Maslahata Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralarynyň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleriniň we kompaniýalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Häzirki wagtda maslahata gatnaşmak üçin hasaba alyş işleri dowam edýär. Maslahata gatnaşmak isleýänler ylmy makalalaryny we tezislerini 10-njy oktýabra çenli taýýarlap, etut.conference@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermelidirler. Ylmy işleriň taýýarlanyşyna bildirilýän talaplar uniwersitetiň internet sahypasynda ýerleşdirildi.
Guramaçylar öňde boljak halkara maslahatyň emeli aň tehnologiýalaryny sanly ykdysadyýete ornaşdyrmak, akylly diwersifikasiýany ösdürmek, şeýle hem durnukly ösüşiň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm we netijeli ylmy meýdança öwrüljekdigine ynam bildirýärler.
Maslahata degişli goşmaça maglumatlary ýokarda görkezilen elektron poçta salgysy, şeýle hem +993 63 828068 telefon belgisi arkaly alyp bolýar.