Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Turkmenistan RSS Feed ·

2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda iki taraplaýyn, şeýle hem sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerinde türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlara seredildi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, taraplar halkara guramalarynyň, esasan hem BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar.

Источник: Turkmenistan RSS Feed