Aşgabatda FAO-nyň we Ýaşyl howa gaznasynyň taslamasynyň netijeleri jemlener
Amul Info · · asgabat, ashgabat

2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) hem-de Ýaşyl howa gaznasynyň bilelikdäki taslamasynyň jemleýji okuw maslahaty we Ýolbaşçy komitetiniň jemleýji mejlisi geçiriler.
2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) hem-de Ýaşyl howa gaznasynyň bilelikdäki taslamasynyň jemleýji okuw maslahaty we Ýolbaşçy komitetiniň jemleýji mejlisi geçiriler.
Taslama Türkmenistanyň halkara howa maliýeleşdiriş serişdelerini çekmek boýunça mümkinçiliklerini giňeltmäge, oba hojalygynyň we tokaý hojalygynyň durnukly ösüşini goldamaga, şeýle hem ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmagy ilerletmäge gönükdirilendir.
Maslahatyň dowamynda howa bilen bagly maýa goýumlaryna gözegçilik etmegiň döwrebap gurallaryny ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça hünärmenleriň tehniki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we oba hojalyk pudagynda parnik gazlarynyň zyňyndylary baradaky hasabatlylygy kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berler.
Duşuşygyň çäklerinde bilermenler durmuşa geçirilen taslamanyň esasy netijelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem gazanylan tejribäni Türkmenistanyň degişli döwlet edaralaryna geçirmek boýunça mehanizmleri ylalaşmak we Ýaşyl howa gaznasy bilen hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek meýilleşdirilýär.
Maslahatyň netijeleri howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde Türkmenistanyň institusional mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga, oba hojalygynda durnukly ösüş ýörelgelerini ilerletmäge we halkara howa maliýeleşdiriş serişdelerinden peýdalanmak mümkinçiliklerini giňeltmäge goşant goşmaga gönükdirilendir.