Nýu-Ýorkda baş Roždestwo arçasy oturdyldy

Amul Info ·

Nýu-Ýorkda baş Roždestwo arçasy oturdyldy

Nýu-Ýork şäherindäki Rokfeller merkeziniň öňünde beýikligi 23 metrden geçýän däp bolan Roždestwo arçasy oturdyldy. Norwegiýa arçasy şäheriň Täze ýyl baýramçylygynyň esasy nyşanlarynyň biri hasaplanýar. Onuň yşyklary 2-nji dekabrda dabaraly ýagdaýda ýakylar. Şäherde Roždestwo we Täze ýyl…

ABŞ-nyň Täze ýyl baýramçylygynyň esasy nyşanlarynyň biri hasaplanýan Roždestwo arçasy Nýu-Ýork şäherindäki Rokfeller merkeziniň öňünde oturdyldy .

Boýy 23 metrden geçýän norweg arçasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň demirgazyk böleginden getirilip, Bäşinji we Altynjy awenýularyň aralygynda ýerleşýän Rokfeller merkeziniň meýdançasynda dikildi.

«RIA Nowosti» agentliginiň habar bermegine görä, arçanyň yşyklary 2-nji dekabrda dabaraly ýagdaýda ýakylar. Şeýlelikde, şäherde Täze ýyl we Roždestwo baýramçylyklaryna taýýarlyk işleri dowam edýär.

Источник: Amul Info