Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Ýaşlar baýragynyň eýelerine
Turkmenistan RSS Feed ·
Sizi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy hem-de Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary! Hormatly Ýaşlar baýragynyň eýeleri!
Sizi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy hem-de Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşiniň aýdyň geljegi, jemgyýetimiziň kuwwatly döredijilik güýji bolan ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kemala gelmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, saýlap alan hünäriniň eýesi bolmagy, intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly açyp görkezmegi üçin ýurdumyzda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan ýaşlar barada döwlet syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygynyň, ruhy-medeni kämilliginiň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde dabaralanýar.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy berkarar döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede işjeň gatnaşmagy üçin giň şertleri döredýär.
Hormatly ýaşlar!
Eziz Diýarymyzda agzybirlik we ruhubelentlik bilen amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlarymyzyň mynasyp paýynyň bolmagy örän guwandyryjydyr. Biz watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy özlerine ýörelge edinýän ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşýandyklaryna buýsanýarys.
Ýaşlary belent maksatlaryň daşyna jebisleşdirmekde 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy möhüm ähmiýete eýedir. Şondan bäri geçen ýyllaryň dowamynda bu gurama ýurdumyzyň ýaşlaryny watansöýüjilik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge, olaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamaga, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga mynasyp goşant goşup gelýär. Şeýle hem ýaş nesilleriň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi, bilimli, syýasy aň-düşünjeli, edep-terbiýeli, beden taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegi üçin uly tagallalary edýär.
Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary halkara guramalaryň işine, forumlara, ylmy maslahatlara we festiwallara işjeň gatnaşyp, ýurtlaryň arasynda özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hünärmenleri hem-de işjeň agzalary Garaşsyzlyk döwründe gazanylan ajaýyp üstünliklerimizi mynasyp dowam etdirip, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermek babatda uly işleri alyp barýarlar.
«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyndan» ugur alnyp durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijesinde Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlykdaky ornuny has-da işjeňleşdirdi. Bu buýsançly ýagdaý ýaşlarymyza bilim, ylym, medeniýet, döredijilik ugurlarynda öz mümkinçiliklerini giňden görkezmäge, dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşlary bilen tejribe alyşmaga hem-de dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge giň ýol açýar.
Ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň merkezi edarasynyň we ýerlerdäki düzümleriniň, ilkinji guramalarynyň wekilleriniň hem-de işjeň agzalarynyň alyp barýan işleri ýaşlaryň güýjüni, bilimini, döredijilik, guramaçylyk mümkinçiliklerini Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşine gönükdirmäge ýardam berýär.
Ýaşlaryň jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, bilimde, ylymda, döredijilikde, sportda we zähmetde gazanýan üstünliklerini höweslendirmek maksady bilen, her ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu baýrak ýaşlary öndürijilikli zähmete, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmegi ýurdumyzyň taryhynda möhüm waka bolup, bu senäniň ýaş nesillerimizi täze üstünliklere, döwletli başlangyçlara hem-de belent maksatlara galkyndyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary! Eziz ýaşlar!
Sizi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy hem-de Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň ösüşleriniň bähbidine alyp barýan asylly işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.