Gazagystanyň «Silk Way» teleýaýlymlary Türkmenistanda ýaýlyma başlar

Amul Info ·

Gazagystanyň «Silk Way» teleýaýlymlary Türkmenistanda ýaýlyma başlar

ürkmenistanda Gazagystanyň halkara «Silk Way» we «Silk Way Cinema» teleýaýlymlarynyň ýaýlyma başlamagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem iki ýurduň arasynda hemişelik hereket etjek bilelikdäki media geňeşi dörediler. Bu başlangyç Türkmenistan bilen Gazagystanyň media ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmäge…

Türkmenistan bilen Gazagystan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýurtlaryň arasynda maglumat alyş-çalşygyny giňeltmek ugrunda täze ädim ädýärler. Şunuň çäklerinde iki ýurduň arasynda hemişelik hereket etjek bilelikdäki media geňeşini döretmek hem-de Gazagystanyň halkara «Silk Way» we «Silk Way Cinema» teleýaýlymlarynyň Türkmenistanda ýaýlyma başlamagyny ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu barada «Ratel Media» habar berýär.

Degişli ylalaşyga 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gol çekildi. Resminama Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň teleradio toplumynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri tarapyndan gol çekildi.

Döredilmegi meýilleşdirilýän media geňeşi iki ýurduň arasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hemişelik esasda hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýän ilkinji bilelikdäki düzümleriň biri bolar. Täze mehanizmiň döwlet teleradio kompaniýalarynyň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, maglumat we media mazmuny boýunça tejribe alyş-çalşygyny giňeltmäge ýardam bermegine garaşylýar.

Halkara «Silk Way» teleýaýlymy daşary ýurtly tomaşaçylary Gazagystanda, Merkezi Aziýada we dünýäniň beýleki sebitlerinde bolup geçýän wakalar bilen tanyşdyrýar. «Silk Way Cinema» bolsa kino eserlerini görkezmäge ýöriteleşýär.

Bu teleýaýlymlaryň ikisi hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň teleradio toplumynyň düzümine girýär. Şol topluma, şeýle hem, «Jibek Joly» respublikan teleýaýlymy, adybir radiostansiýa, «Silk Way Prime» halkara teleýaýlymy, «Kazinform» habarlar agentligi, Dokumental kino merkezi we «TRKLAB» sanly bölümi degişli.

Täze ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda habar beriş serişdeleri ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, iki ýurduň maglumat giňişliginiň özara baýlaşmagyna hem-de tomaşaçylaryň halkara media mazmunyna elýeterliliginiň giňelmegine goşant goşup biler.

Источник: Amul Info