Türkmenistan we Ýaponiýa ylym-bilim hyzmatdaşlygyny berkidýärler
Turkmenistan RSS Feed ·
14 – 16-njy oktýabr aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa iş sapary boldy. Bu sapar ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de wodorod energetikasy ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirildi.
Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar bilelikdäki ylmy-barlaglaryň geljekki mümkinçiliklerine, hünärmenleri taýýarlamaga we tebigy gazdan wodorod almagyň innowasion tehnologiýalaryny ösdürmäge degişli meseleleri maslahatlaşdylar.
Wekiliýet Sukuba uniwersitetiniň ýanyndaky Wodorodly baglanyşyklar boýunça barlag merkeziniň (HBRC) we TIAR ylmy-barlag institutynyň işi bilen tanyşdy.
Saparyň dowamynda hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan amala aşyrylýan «DÖM-iň ählumumy lideri» («SDGs Global Leader») atly ösüş barlaglary maksatnamasynyň çäklerinde türkmen ýokary okuw mekdepleriniň üç sany mugallymynyň Sukuba uniwersitetinde hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýändigi bellenildi.
Türkmen we ýapon ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esasynda amala aşyrylýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň (METI) Tebigy serişdeler we energetika agentliginiň hem-de Täze energetika we senagat tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak boýunça guramasynyň (NEDO) wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Mundan başga-da, «Chiyoda Kiyasu Research Park» ylmy-barlag seýilgähine gezelenç guraldy.
Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa bolan sapary Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar ulgamynda özara hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem bilelikdäki barlaglar we wodorod energetikasyny ösdürmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek boýunça möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde nobatdaky ähmiýetli ädim boldy.