Türkmenistan bilen Saud Arabystany 2027-nji ýyl üçin haj zyýaratyny guramak barada ylalaşyga gol çekdi
Amul Info ·

Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygy 2027-nji ýyl üçin haj zyýaratyny guramak barada ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekdi. Resminama Jidda şäherinde geçirilen Haj meseleleri boýunça VI halkara maslahatynyň çäklerinde baglaşyldy. Taraplar türkmen zyýaratçylary üçin ulag, myhmanhana hyzmatlary,…
Türkmenistanyň müftüsi Rahman Gurbannyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde 8–11-nji noýabr aralygynda geçirilen Haj meseleleri boýunça VI halkara maslahata we sergä gatnaşdy.
Saparyň esasy maksady 2027-nji ýylyň haj möwsümine taýýarlyk bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Duşuşyklarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag we myhmanhana hyzmatlaryny guramak, şeýle hem zyýaratçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ugurlara aýratyn üns berildi.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň müftüsi Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministri doktor Taufik bin Fawzan Al-Rabiýa hem-de onuň orunbasary doktor Abdul Fattah bin Süleýman Maşat bilen duşuşyklary geçirdi. Taraplar Türkmenistanyň raýatlarynyň 2027-nji ýylda haj parzyny berjaý etmegi üçin dörediljek şertleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň möhüm netijeleriniň biri Türkmenistanyň Müftüler müdirligi bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2027-nji ýyl üçin haj zyýaratyny guramagyň tertibini düzgünleşdirýän ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekilmegi boldy.