TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ AGZALARYNA HEM-DE ÝAŞLAR BAÝRAGYNYŇ EÝELERINE
yashlar.gov.tm ·

Hormatly Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary! Hormatly Ýaşlar baýragynyň eýeleri! Sizi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy hem-de Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşiniň aýdyň geljegi, jemgyýetimiziň kuwwatly döredijilik güýji bolan ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kemala gelmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, saýlap alan hünäriniň eýesi bolmagy, intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly açyp görkezmegi üçin ýurdumyzda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan ýaşlar barada döwlet syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygynyň, ruhy-medeni kämilliginiň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde dabaralanýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji…