Gazagystanda şaý-sep hökmünde hem dakynyp bolýan «Aqyq» atly kümüş şaý çykaryldy

Amul Info ·

Gazagystanda şaý-sep hökmünde hem dakynyp bolýan «Aqyq» atly kümüş şaý çykaryldy

Gazagystanyň Milli banky milli nagyşlar we hakyk daşy bilen bezelen «Aqyq» atly täze kümüş şaýy dolanyşyga girizdi. Ol töleg serişdesi bolmak bilen birlikde, boýna dakylýan şaý-sep hökmünde hem ulanylyp bilner. Şaýyň ýokarky böleginde zynjyr ýa-da ýüp geçirmek üçin ýörite deşik bar.

Gazagystanyň Milli banky milli nagyşlar we hakyk daşy bilen bezelen «Aqyq» atly täze kümüş şaýy dolanyşyga girizdi. Ol pul hökmünde peýdalanmak bilen birlikde, boýna dakylýan şaý-sep hökmünde hem ulanmaga niýetlenendir. Bu barada «TASS» agentligine salgylanýan MilliInfo habar berýär.

Täze şaýyň dizaýnynda onuň iki görnüşde ulanylmagy göz öňünde tutulypdyr. Şonuň üçin şaýyň ýokarky böleginde zynjyr ýa-da ýüp geçirmek üçin ýörite deşik goýlupdyr.

«Aqyq» ady gazak dilindäki «ақық» sözünden gelip çykýar. Bu söz şaý-sep ýasamakda ulanylýan halsedon toparyna degişli minerallary, şol sanda hakyk daşyny aňladýar.

Şaý Gazagystanyň zikgehanasynda 925-nji belgili kümüşden taýýarlanypdyr. Onuň agramy 20 gram, diametri 3,3 santimetr bolup, milli nagyşlar we hakyk daşy bilen bezelipdir. Önümiň çykarylyş möçberi 5 müň nusga bilen çäklendirilendir.

«Aqyq» şaýynyň nominal bahasy 1 000 gazak teňňesine deň bolup, bu takmynan 2 ABŞ dollaryna barabardyr. Gazagystanyň Milli bankynyň bellemegine görä, şaýyň kolleksiýa we bezeg ähmiýeti bolmagyna garamazdan, ol resmi töleg serişdesi bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurduň ähli çäginde dürli görnüşli hasaplaşyklarda nominal bahasy boýunça kabul edilmelidir.

Täze şaýyň satuwynyň 27-nji oktýabrda Gazagystanyň Milli bankynyň resmi internet-dükanynda başlanmagyna garaşylýar.

Источник: Amul Info