«Or» sözüniň taryhy manysy

Amul Info ·

«Or» sözüniň taryhy manysy

Türkmen diliniň gadymy sözleriniň biri bolan «or» adalgasy geçmişiň taryhy we medeni mirasy bilen baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz gadymy galalara girilýän ýerasty geçelgeleriň — nagymlaryň agzyna «or» diýipdirler.

Gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelen käbir sözler häzirki wagtda gündelik gepleşiklerde seýrek duş gelýär. Şeýle-de bolsa, olaryň taryhy çeşmelerde we edebi eserlerde saklanyp galmagy geçmişiň medeni mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Şol gadymy adalgalaryň biri hem «or» sözüdir. Ata-babalarymyz gadymy galalara girilýän ýerasty geçelgeleriň — nagymlaryň agzyna «or» diýipdirler. Bu söz taryhy maglumatlarda duş gelmek bilen birlikde, serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň döredijiliginde hem ulanylypdyr.

«Or» sözüniň taryhy manysyny öwrenmek türkmen diliniň baý söz hazynasyna we halkymyzyň geçmişdäki ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklaryna has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär.

Источник: Amul Info