Türkiýede taryhy ýadygärlikleri goramak üçin dron gözegçilik merkezi işe girizildi

Amul Info ·

Türkiýede taryhy ýadygärlikleri goramak üçin dron gözegçilik merkezi işe girizildi

Türkiýäniň Manisa welaýatynda gadymy Sardy şäheriniň we Bin-Tepe sebitiniň arheologik ýadygärliklerini goramak üçin täze gözegçilik merkezi işe girizildi. Dronlar arkaly bu ýerlerde gije-gündiziň dowamynda gözegçilik alnyp barylar we bikanun gazuw-agtaryşlaryň öňi alnar.

Türkiýede taryhy we medeni mirasy bikanun gazuw-agtaryşlardan, şeýle hem gadymy gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyndan goramak maksady bilen täze howa gözegçilik merkezi açyldy. Manisa welaýatynda ýerleşýän bu merkez gadymy Sardy şäheriniň we Lidiýanyň Bin-Tepe sebitindäki taryhy ýadygärlikleriň goragyny güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Taslama laýyklykda, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu ýerlerde uçarmansyz uçýan enjamlaryň (dronlaryň) kömegi bilen gije-gündiziň dowamynda gözegçilik alnyp barylar. Döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan dronlar gijeki şertlerde hem wideo gözegçiligi amala aşyrmaga we giň çäklerde bolup geçýän hereketleri yzarlamaga ukyplydyr.

Gözegçilik merkeziniň açylyş dabarasyna Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý gatnaşdy. Taslamanyň esasy maksady arheologik ýadygärliklerde bikanun gazuw-agtaryş işleriniň öňüni almak, şeýle hem taryhy baýlyklary gözleýänleriň bikanun hereketlerini irki tapgyrda ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Täze merkez iki sany uzak wagtlap howada galmaga ukyply dron, antenna ulgamlary we ýörite gözegçilik enjamlary bilen üpjün edildi. Şübheli hereketler ýüze çykarylan ýagdaýynda degişli maglumatlar dessin žandarma gullugyna iberiler. Bu başlangyç geljekde Türkiýäniň beýleki arheologik ýadygärliklerinde hem şuňa meňzeş gorag ulgamlaryny ornaşdyrmak üçin nusga bolup biler.

Gadymy Sardy şäheri bir wagtlar Lidiýa patyşalygynyň paýtagty bolupdyr. Bin-Tepe sebiti bolsa takmynan 75 inedördül kilometr meýdany eýeleýän we 120-den gowrak mazar depesini öz içine alýan taryhy nekropol hökmünde tanalýar. Bu ýerleriň medeni we taryhy ähmiýeti olary goramak boýunça döwrebap çäreleriň geçirilmegini talap edýär.

Türkiýe medeni mirasy goramakda diňe bir tehnologiýalara däl, eýsem halkara hyzmatdaşlyga we bikanun ýagdaýda daşary ýurtlara çykarylan taryhy gymmatlyklary yzyna gaýtarmaga hem aýratyn ähmiýet berýär. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk bu ugurdaky işleriň möhüm bölegi bolup durýar.

Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň maglumatlaryna görä, 2002-nji ýyldan bäri ýurtdan bikanun çykarylan 13 müň 474 sany medeni gymmatlyk yzyna gaýtarylyp getirilipdir. Şolaryň 9 müň 159-sy soňky sekiz ýylyň dowamynda yzyna alnypdyr. Gaýtarylan gymmatlyklaryň arasynda gadymy Bubon şäherinden alnyp gidilen Mark Awreliniň bürünç heýkeli, Zeýgmanyň mozaikalary we Iznikde öndürilen taryhy küýzegärçilik önümleri ýaly gymmatlyklar bar.

Täze gözegçilik merkeziniň işe girizilmegi Türkiýäniň arheologik mirasyny goramak, taryhy ýadygärlikleriň abat saklanmagyny üpjün etmek we medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşi güýçlendirmek boýunça alyp barýan işleriniň nobatdaky tapgyrydyr.

Источник: Amul Info