Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärleri BSGG-niň çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen jübi kitapçasy boýunça okuw geçdiler
Amul Info ·

ÝUNISEF-iň tehniki goldawy bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleri Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) çagalara we ýetginjeklere ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini bermek boýunça jübi kitapçasyny ulanmak barada üç günlük okuw sapagyna gatnaşdylar. Okuwy ÝUNISEF-iň halkara…
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) tehniki goldawy bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleri Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) çagalara we ýetginjeklere ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini bermek boýunça jübi kitapçasyndan peýdalanmak babatda üç günlük okuw sapagyna gatnaşdylar. Okuwy ÝUNISEF-iň halkara bilermeni Olena Starets geçirdi.
Okuw sapaklary kliniki çözgütleri kabul etmekde lukmanlara ýardam bermek we çagalara hem-de ýetginjeklere edilýän lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen jübi kitapçasynyň ykjam goşundysyndan peýdalanmaga gönükdirildi.
Amaly maşklaryň we kliniki ýagdaýlaryň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň dowamynda gatnaşyjylar çagalyk döwründe duş gelýän keselleri bejermek, sanjymlary geçirmek, iýmitleniş boýunça maslahat bermek, irki çagalyk ösüşini goldamak, şeýle hem gyssagly lukmançylyk kömegini talap edýän ýagdaýlary wagtynda ýüze çykarmak boýunça bilimlerini we amaly başarnyklaryny kämilleşdirdiler.
Okuwa gatnaşan hünärmenler alan bilimlerini we tejribelerini sebitlerde işleýän saglygy goraýyş işgärlerine ýetirmäge hem taýýarlyk gördüler. Bu bolsa jübi kitapçasynyň kliniki tejribede has giňden ulanylmagyna ýardam eder.
ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlygyny dowam etdirip, BSGG-niň çagalara we ýetginjeklere ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini bermek boýunça jübi kitapçasynyň tutuş ýurt boýunça ornaşdyrylmagyny goldar.
Bu başlangyç ilkinji saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirýän hünärmenleriň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga we her bir çaganyň ylmy subutnamalara esaslanýan ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligini giňeltmäge gönükdirilendir.