Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty talyplary elektrotehnika boýunça olimpiada gatnaşmaga çagyrýar
Amul Info ·

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny elektrotehnika boýunça geçiriljek olimpiada gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşik 26-njy noýabrda gibrid görnüşde geçiriler. Gatnaşyjylara 10 sany ýumuşy ýerine ýetirmek üçin 120 minut wagt berler. Her ýokary okuw…
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda geçiriljek elektrotehnika boýunça olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar.
Olimpiada 26-njy noýabrda gibrid görnüşde geçiriler. Bäsleşik şahsy häsiýete eýe bolup, oňa ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünärler we taýýarlyk ugurlary boýunça bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler. Her bir ýokary okuw mekdebinden üç talyba çenli gatnaşmaga rugsat berilýär.
Bäsleşige gatnaşyjylara 10 sany ýumuş hödürlener we olary ýerine ýetirmek üçin 120 minut wagt berler. Gatnaşyjylaryň netijeleri toplan ballarynyň jemi boýunça kesgitlener. Ýeňijilere we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara degişli derejeli diplomlar gowşurylar.
Olimpiada gatnaşmak isleýän talyplar 19-njy noýabra çenli gatnaşyjylar hem-de olaryň jogapkär ýolbaşçysy baradaky maglumatlary guramaçylyk toparynyň elektron poçtasyna ibermelidirler: tdbgielektrotehnika@gmail.com .
Arza tabşyrmagyň tertibi we olimpiadanyň geçirilmegi baradaky giňişleýin maglumatlar institutyň resmi saýtynyň «Habarlar» bölüminde ýerleşdirilendir. Goşmaça maglumatlary ýokarda görkezilen elektron poçta ýa-da +993 62 66-69-32, +993 12 28-18-29 telefon belgileri arkaly alyp bolýar.
Olimpiadany geçirmekden maksat zehinli talyplary ýüze çykarmak, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek, ylmy işe bolan höwesini artdyrmak, giň dünýägaraýyşly, özbaşdak pikirlenýän ýaşlary terbiýelemekden ybaratdyr. Şeýle-de bäsleşik ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, sanly bilim ulgamyny ösdürmäge we ýurtda takyk ylyklary okatmagyň usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Guramaçylar inženerçilik ylymlary boýunça bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny görkezmäge isleg bildirýän işjeň hem-de zehinli talyplary olimpiada gatnaşmaga çagyrýarlar.