TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy

Turkmenistan RSS Feed ·

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriniň 10-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Serbiýanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekillerine portlandsement, pagta ýagy, bugdaý uny, buýan köküniň glisirrizin turşulygy, şeýle hem nah ýüplük we mata ýerlenildi. Geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 27 million 215 müň manada deň bolan pagta soapstogynyň çig ýagly turşulyklaryny we bugdaý ununy satyn aldylar.

Источник: Turkmenistan RSS Feed