Türkmenistan bilen Eýran ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürer
Amul Info ·

Türkmenistan bilen Eýran awtomobil we demir ýol ulaglary ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi hem-de sebitleýin ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmagy maksat edinýärler. Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeginiň bellemegine görä, iki ýurduň arasynda demir ýol gatnawlaryny…
Türkmenistan bilen Eýran awtomobil we demir ýol ulaglary ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi, şeýle hem sebitleýin ulag geçelgeleriniň üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmagy maksat edinýärler. Iki ýurduň degişli edaralary ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işleri işjeňleşdirýärler.
Bu barada Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegi Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda mälim etdi. «Вести Кавказа» neşiriniň habar bermegine görä, ministr iki ýurduň arasynda demir ýol gatnawlaryny ösdürmekde, aýratyn-da, serhetýaka terminallarynyň işini kämilleşdirmekde belli bir öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýtdy.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri Türkmenistanyň çäginde täze awtomobil ýoluny gurmak taslamasydyr. Taslamanyň gurluşygyny eýran kompaniýasynyň amala aşyrmagy meýilleşdirilýär. Täze ýoluň ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyna we, hususan-da, eýranly ýük awtoulag sürüjileriniň hereketini ýeňilleşdirmegine garaşylýar.
Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Eýran energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýarlar. Taraplar Azerbaýjanyň we Russiýanyň gatnaşmagynda sebitleýin ulag başlangyçlaryny ösdürmek meselelerine hem garamagy meýilleşdirýärler.
Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi sebit ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmäge, halkara ýük daşamalary üçin täze mümkinçilikleri döretmäge we ulag geçelgeleriniň üstaşyr kuwwatyny artdyrmaga ýardam berip biler.