Türkmenistanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara informatika olimpiadasy geçiriler

Amul Info ·

Türkmenistanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara informatika olimp…

2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Hytaýyň birnäçe ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň we magistrantlarynyň gatnaşmagynda halkara açyk internet olimpiadasy geçiriler. Onlaýn bäsleşik Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň…

2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň we magistrantlarynyň gatnaşmagynda halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçiriler.

Onlaýn görnüşde guraljak bäsleşigiň esasy maksady bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakdan we bilim derejesine garaşsyz baha bermek üçin mümkinçilik döretmekden ybaratdyr. Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň binýadynda guralýar.

Halkara bäsleşige Türkmenistanyň ady agzalan uniwersitetiniň, şeýle hem Hytaýyň Pekin şäherindäki Nebit uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň wekilleri gatnaşarlar. Her bir ýokary okuw mekdebinden gatnaşyjylaryň sany 30 adamdan köp bolmaly däldir.

Olimpiada şahsy we toparlaýyn görnüşlerde geçiriler. Şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda toparlaýyn netijeler kesgitlener. Bäsleşigiň resmi iş dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir.

Gatnaşyjylaryň bilimini we başarnyklaryny barlamak üçin uniwersitet tarapyndan döredilen hem-de dolandyrylýan Moodle platformasynyň binýadynda ýörite sanly ulgam ulanylar. Bäsleşigiň aç-açanlygyny we netijeleriniň obýektiwligini üpjün etmek maksady bilen wideo gözegçilik we wideomaslahatlaşma serişdelerinden peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Olimpiada iki tapgyrdan ybarat bolar. Birinji tapgyr «Sanly tehnologiýalar we informatika», ikinji tapgyr bolsa «Emeli aň we programmirleme» diýlip atlandyrylýar. Bu ugurlar boýunça gatnaşyjylaryň nazary bilimleri, meseleleri çözmek ukyplary we programma düzmek başarnyklary bahalandyrylar.

Şahsy bäsleşikde tapawutlanan gatnaşyjylar I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Sylaglanýanlaryň umumy sany gatnaşyjylaryň 50 göteriminden geçmeli däldir. Diplomlar birinji, ikinji we üçünji derejeler boýunça 1:2:3 gatnaşykda paýlanar. Toparlaýyn bäsleşikde bolsa ilkinji üç orny eýelän toparlara degişli diplomlar gowşurylar.

Esasy baýraklardan başga-da, aýratyn üstünlikleri bellemek üçin goşmaça sylaglar hem göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda birinji tapgyrda iň ýokary netijäni gazanan, emeli aňyň kömegi bilen iň gowy çözgüdi taýýarlan, meseläni iň çalt we dogry çözen hem-de iň netijeli programma koduny döreden gatnaşyjylar üçin ýörite baýraklar bar.

Halkara informatika olimpiadasy ýaşlaryň sanly tehnologiýalar, emeli aň we programmirleme ugurlaryndaky bilimlerini kämilleşdirmäge, şeýle hem Türkmenistanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim we ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer.

Источник: Amul Info