ABŞ-nyň tebigy suw çüwdürimi: älemgoşar reňkli geýzer
Amul Info ·

ABŞ-nyň tebigy suw çüwdürimi: älemgoşar reňkli geýzer 🌈💦 ABŞ-nyň Newada ştatyndaky Gara daşly çölünde ýerleşýän Flaý geýzeri özboluşly tebigy täsinlikleriň biridir. Bu ýerde wagtal-wagtal 100°C çenli gyzgyn suw ýokary atylyp çykýar. Geýzer 1916-njy ýylda ýerli ýaşaýjylaryň suw gözläp gazan…
ABŞ-nyň Newada ştatyndaky Gara daşly çölüň çäginde ýerleşýän Flay geýzeri tebigatyň täsin görnüşleriniň biri hökmünde ünsi çekýär. Älemgoşaryň dürli öwüşginlerini özünde jemleýän bu geologik täsinlikden wagtal-wagtal gyzgyn suw ýokaryk çüwdürilýär.
Maglumatlara görä, bu geýzeriň taryhy 1916-njy ýyldan başlanýar. Şol döwürde ýerli ýaşaýjylar suw gözläp, bu ýerde guýy gazýarlar. Emma garaşylmadyk ýagdaýda guýudan içimlik suw däl-de, gyzgyn suw çykýar.
1964-nji ýylda emele gelen älemgoşar öwüşginli geýzer häzirki wagtda alymlaryň we syýahatçylaryň ünsüni çekýän tebigy gözellikleriň biridir. Geýzerden çykýan suwuň temperaturasy 100 gradusa çenli ýetýär.
Suwuň düzüminde kalsiý karbonatyň bolmagy netijesinde geýzeriň töwereginde beýikligi 3–4 metre ýetýän, üsti ýylmanak hem-de büdür-südür görnüşli mineral depeler emele gelipdir.
Bu depeleriň ýüzünde ýokary temperatura çydamly suwotular ösýär. Şol suwotular we minerallaryň özara täsiri netijesinde geýzeriň daş-töweregi ýaşyl, gyzyl, sarymtyl we goňur öwüşginlere eýe bolýar.
Tebigy ýagdaýlaryň täsiri bilen gaýanyň ululygy we reňki ýylsaýyn üýtgäp dur. Ýaşylymtyl-gyzyl we sarymtyl-goňur mineral depeler bolsa daş görnüşi boýunça teňňe oklaýan gaba — «kopilka» meňzeýär.
Flay geýzeri şeýlelikde tebigatyň geologik prosesleriniň netijesinde emele gelen, özboluşly reňkleri we gyzgyn suw çüwdürimi bilen tapawutlanýan täsin ýerleriň biri hökmünde tanalýar.