Kembrij sözlügi «human» sözüni 2026-njy ýylyň sözi diýip yglan etdi
Amul Info ·

Kembrij iňlis dili sözlügi emeli aňyň çalt ösmegi we onuň adam durmuşyna täsiri bilen baglylykda «human» (adam) sözüni 2026-njy ýylyň sözi diýip yglan etdi. Hünärmenleriň bellemegine görä, «human-written», «human-generated» we «human-made» ýaly söz düzümleriniň ulanylyşynyň artmagy emeli aň…
Kembrij iňlis dili sözlügi (Cambridge Dictionary) iňlis dilindäki «human» (adam) sözüni 2026-njy ýylyň sözi hökmünde saýlady. Bu saýlaw emeli aňyň gündelik durmuşa barha giňden ornaşmagy we onuň ösüşi bilen baglylykda «adam bolmak nämäni aňladýar?» diýen düşünjäniň täzeden ara alnyp maslahatlaşylmagy bilen düşündirilýär.
Sözlük düzüjileriniň bellemegine görä, emeli aňyň mümkinçilikleriniň giňelmegi adamlaryň we maşynlaryň arasyndaky tapawutlar baradaky garaýyşlara täsir edýär. Tehnologiýalaryň gündelik durmuşda tutýan ornunyň artmagy hem-de adamlaryň olara bolan garaşlylygynyň güýçlenmegi ynsanyň jemgyýetdäki ornunyň nähili üýtgejekdigi baradaky soraglary öňe çykarýar.
Kembrij sözlüginiň leksikografy Kolin Makintoşyň pikiriçe, adamlaryň pikirlenmek bilen bagly käbir işleri tehnologiýalara ynanmagy netijesinde öz ukyplaryny ýitirip biljekdigi baradaky aladalar emeli aňyň ulanylyşyna täzeden baha bermegiň zerurdygyny görkezýär. Bu ýagdaý, şeýle hem, tehnologiýalaryň durmuşdaky orny we adam aňynyň ähmiýeti barada çuňňur oýlanmaga itergi berýär.
Cambridge University Press neşirýatynyň dolandyryş geňeşiniň agzasy Françeska Wudword hem emeli aňyň çalt ösýän döwründe «human» sözüniň häzirki zamanyň ruhuny beýan edýän möhüm düşünjeleriň birine öwrülendigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, emeli aňyň ösüşiniň hatda adamzadyň geljegine howp salyp biljekdigi baradaky aladalaryň arasynda adamlar ynsan bolmagyň asyl manysyna has köp üns berýärler.
Kembrij sözlüginiň hünärmenleri iňlis dilinde «human» sözüniň beýleki sözler bilen utgaşyp ulanylyşynyň hem artýandygyny belleýärler. Mysal üçin, «human-written» — adam tarapyndan ýazylan, «human-generated» — adam tarapyndan döredilen, «human-made» bolsa adam tarapyndan ýasalan ýa-da taýýarlanan diýen manylary berýär.
Bu söz düzümleri belli bir işiň ýa-da önümiň emeli aňyň däl-de, adamyň gatnaşmagynda döredilendigini aýratyn nygtamak üçin ulanylýar. Şeýlelikde, «human» sözüniň 2026-njy ýylyň sözi hökmünde saýlanmagy emeli aňyň ösýän döwründe ynsan aňynyň, döredijiliginiň we özboluşlylygynyň ähmiýetine ünsi çekýär.