Türkmeniň «Kompozitor» filmi Abhaziýada tomaşaçylara görkeziler
Amul Info ·

«Oguzhan» adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde döredilen «Kompozitor» çeper filmi 2–6-njy noýabrda Sukhumi şäherinde geçiriljek «Almaz kebelek» açyk Ýewraziýa kino baýragynyň çäklerinde tomaşaçylara hödürlener. Film 2025-nji ýylda bu baýragyň «Iň gowy suratkeş-goýujy» ugry boýunça ýeňiji bolupdy.…
Türkmenistanyň «Oguzhan» adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde döredilen «Kompozitor» çeper filmi halkara kinofestiwallarynda gazanan üstünliklerini dowam etdirýär. Halkara baýraklara mynasyp bolan bu eser 2–6-njy noýabr aralygynda Abhaziýanyň paýtagty Sukhumi şäherinde geçiriljek «Almaz kebelek» açyk Ýewraziýa kino baýragynyň çäklerinde tomaşaçylara görkeziler.
Film görkezilişleri Abhaziýanyň Medeniýet ministrliginiň we Russiýanyň Medeniýet gaznasynyň goldawy bilen guralýar. Çäreleriň geçiriljek ýeri R. Gumba adyndaky Abhaziýa döwlet filarmoniýasy bolar.
«Kompozitor» filmi ozal hem halkara hünärmenleriniň ünsüni çekipdi. 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Moskwa şäherinde geçirilen «Almaz kebelek» baýragynyň gowşurylyş dabarasynda film «Iň gowy suratkeş-goýujy» ugry boýunça baýrak gazandy. Bu baýrak filmiň suratkeş-goýujysy Meýlis Hudaýberenowa berildi.
Eseriň hünärmenler tarapyndan ýokary bahalandyrylmagyna onuň çeperçilik çözgütleri, taryhy jikme-jikliklere aýratyn üns berilmegi we degişli döwrüň ruhuny ussatlyk bilen şöhlelendirmegi sebäp boldy.
Suhumide geçiriljek görkezilişleriň maksatnamasyna dürli ýurtlaryň filmleri hem girizildi. Olaryň arasynda Russiýanyň «Iki adam bir ömürde, iti hasaba almasaň», Belarus bilen Russiýanyň bilelikde döreden «Gara gala», Günorta Afrikanyň «Garry dogruçyl blýuz» we Gyrgyzystanyň «Ejeň bilen tans et!» filmleri bar.
Türkmen filminiň halkara kino maksatnamasyna goşulmagy milli kinematografiýanyň daşary ýurtlarda tanadylmagyna hem-de türkmen kino sungatynyň gazananlaryny giň tomaşaçylar köpçüligine ýetirmäge mümkinçilik berýär.