Türkmen talyplary Kazanda geçirilen halkara stomatologiýa olimpiadasynda baýrakly orunlara eýe boldular
Amul Info ·

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary 11–15-nji noýabrda Kazanda geçirilen «Stomatologiýanyň elitasy» atly halkara olimpiadada üstünlik gazandylar. Terapewtiki stomatologiýa boýunça Maral Taşliýewa birinji, ortodontiýa boýunça Halima Rahmanowa ikinji,…
2026-njy ýylyň 11–15-nji noýabry aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlaryndan we talyplaryndan düzülen wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen halkara stomatologiýa olimpiadasyna we kongresine gatnaşdy.
«Stomatologiýanyň elitasy» atly Bütinrussiýa olimpiadasy stomatologiýany ösdürmek boýunça «Prizmatika» okuw merkezinde geçirildi. Çäräniň dowamynda terapewtiki we hirurgiki stomatologiýa, implantologiýa, ortopediki stomatologiýa hem-de ortodontiýa ugurlary boýunça bäsleşikler guraldy. Şeýle hem gatnaşyjylar ylmy çykyşlar bilen çykyş edip, amaly synaglarda öz başarnyklaryny görkezdiler.
Halkara bäsleşikde türkmen talyplary nazary bilimlerini we amaly taýýarlyklaryny üstünlikli görkezip, birnäçe baýrakly orna mynasyp boldular. Hususan-da, terapewtiki stomatologiýa ugry boýunça 4-nji ýyl talyby Maral Taşliýewa birinji orny eýeledi. Ortodontiýa ugry boýunça 5-nji ýyl talyby Halima Rahmanowa ikinji, ortopediki stomatologiýa ugry boýunça 5-nji ýyl talyby Gylyçmyrat Orazdurdyýew bolsa üçünji orna mynasyp boldy.
Ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňijilere we gatnaşyjylara diplomlar hem-de güwänamalar gowşuryldy.
Halkara olimpiada we kongres türkmen talyplary üçin hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge, daşary ýurtly deň-duşlary we tejribeli hünärmenler bilen pikir alyşmaga, şeýle-de stomatologiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik döretdi.