Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri «HUAWEI CONNECT 2026» sergisine gatnaşdy
Amul Info ·

«Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň wekilleri Şanhaýda geçirilen «HUAWEI CONNECT 2026» halkara sergisine gatnaşdylar. Türkmen hünärmenleri emeli aň, bulut hasaplamalary, sanly ekizler, 3D modelirleme, akylly guýular we önümçilik desgalaryna sanly gözegçilik ulgamlary ýaly döwrebap…
Türkmenistanyň «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde Şanhaý şäherinde geçirilen «HUAWEI CONNECT 2026» halkara sergisine gatnaşdylar .
Halkara sergide türkmen hünärmenleri emeli aň, bulut hasaplamalary, sanly ekizler, 3D modelirleme, akylly guýular hem-de önümçilik desgalaryna sanly gözegçilik ulgamlary ýaly häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.
Çäräniň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri nebitgaz pudagynda sanly çözgütleriň ulanylyş tejribesi, önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmagyň mümkinçilikleri we täze innowasion tehnologiýalar barada çykyş etdiler.
Şeýle hem Hytaýyň «Huawei», «CNPC» we «Sinopec» kompaniýalarynyň hünärmenleri emeli aň, ýokary öndürijilikli hasaplaýyş ulgamlary we bulut tehnologiýalarynyň önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti barada maglumat berdiler.
Serginiň çäklerinde maglumat we kiberhowpsuzlyk, täze nesil kompýuter ulgamlary, döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalary hem-de nebitgaz pudagynda sanly infrastruktura bilen baglanyşykly täze çözgütler boýunça hem pikir alyşmalar geçirildi.
«HUAWEI CONNECT 2026» halkara sergisine gatnaşmak Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň hünärmenlerine dünýäde giňden ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar bilen tanyşmaga, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge we pudagyň sanly ösüşi boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berdi.