Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Turkmenistan RSS Feed ·
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmek, şeýle hem ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňize ýokary baha berýärin.
Ukrain-türkmen gatnaşyklarynyň bar bolan mümkinçilikleriniň hem-de hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanmanyň döwletlerimiziň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmek üçin giň gözýetimleri açýandygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Wladimir Zelenskiý, Ukrainanyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.
Pakistan bilen Türkmenistany kökleri asyrlaryň jümmüşine aralaşýan umumy taryh, medeniýet we din baglanyşdyrýar. Pakistan Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýär hem-de ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy üýtgewsiz ugur edinýär.
Biz geljekde hem özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň, hususan-da, syýasy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, söwda we maýa goýumlar, energetika ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmek, sebit arabaglanyşygyny berkitmek arkaly hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigine umyt edýäris. Biziň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygymyzy ilerletmegimiziň hem-de bilelikdäki tagallalarymyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygyna ynanýaryn.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Asif Ali Zardari, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Bosniýa we Gersegowinanyň Prezidiumynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we ýurduňyza gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.
Pursatdan peýdalanyp, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem döwletlerimiziň bähbidine ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.
Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Denis Beçirowiç, Bosniýa we Gersegowinanyň Prezidiumynyň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Serbiýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, şeýle hem ýurduňyza mundan beýläk-de ösüş, dostlukly türkmen halkyna bolsa abadançylyk baradaky arzuwlarymy iberýärin.
Biziň ýurtlarymyzyň bähbitlerine gönükdirilen bilelikdäki tagallalarymyzyň Serbiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda düşünişmek we özara hormat goýmak ruhunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Serbiýa Respublikasynyň özygtyýarlylygyna hem-de çäk bitewüligine hormat goýmakda ýurduňyzyň eýeleýän üýtgewsiz garaýşy üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilýändiginiň hem-de Siziň ýurduňyzyň halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esasy ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Džuro Masut, Serbiýa Respublikasynyň Hökümetiniň Başlygy.